Bagtymyzyň gözbaşy

14 Dekabr 2022
765

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi we bu ugurda üstüne alan borçlaryna ygrarlydygyny geçen sanlyja ýyllaryň içinde subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, abadançylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşleriň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi hem aýdyň mysaldyr. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata halkara guramalaryň wekilleri, aýdymçylardyr sazandalar, alymlardyr hünärmenler, aýdym-saz sungatyny öwrenijiler geldiler. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Tatarystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu dabara baky Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da beýiklere göterdi.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyndan rowaçlanyp, beýik ösüşlere eýe bolýan baky Bitarap Diýarymyz häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda uly meşhurlyga eýe bolýar.

Atda ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.