Binýady dostlukdan tutulan köpri

14 Dekabr 2022
700

Ýene ýarym aýdan taryha siňjek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň turuwbaşdan uly tutumlara baý bolandygy gürrüňsiz hakykat. Ýöne şanly ýyl, göwnüňe bolmasa, «Taryhy tutumlar bilen geldim, taryhy tutumlar bilen hem taryha siňýärin» diýýäne çalymdaş. Düýn-öňňin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçtaraplaýyn gepleşikler uly taryhyň hut özi. Bu gepleşikleriň diňe bir 2022-nji ýylda däl, tutuş döwrümiziň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigi şübhesiz hakykat.

Ertir ― 16-njy dekabrda Türkiýäniň türkmen Garaşsyzlygyny ykrar edenine 31 ýyl dolýar. Türkiýe Respublikasy döredilenine ýaňy birki aý bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäde ilkinji döwlet bolupdy. Türkmenistan bilen deňeçer Garaşsyzlygyny gazanan Azerbaýjan bolsa şondan sähel salym soň biziň ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.