Parahatçylyk şuglasy

14 Dekabr 2022
727

Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitaraplyk baýramçylygyny uludan belläp geçdi. Hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, Türkmen demokratiýasynyň binýatlyk diregleriniň hakyky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň baky Bitaraplygy bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi, ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir.

Haltäç BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.