Sähra goýnundaky göwher monjuk

14 Dekabr 2022
638

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň netijesinde ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Medeni-durmuş, senagat maksatly desgalar, energetika toplumlary, gaz geçiriji ulgamlar, şeýle-de içinde ähli amatlylyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatyny aýdyň görkezýär. Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda täze gurlan ýaşaýyş jaýlar toplumy hem muňa mysaldyr.

Bu döwrebap toplum hersi 32 öýli, dört gatly, 40 sany ýaşaýyş jaýyndan ybaratdyr. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşigi, «Demirbetonkonstruksiýa», «Demirbetonönümleri» kärhanalary, «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy bu gurluşyklaryň potratçylarydyr. 2019-njy ýylda başlanan toplumyň gurluşygyna «Zehinli ussa», «Jöwher gala», «Ýyndam gurluşyk», «Dowamly nyşan», «Asuda nesil», «Saldamly goşant», «Ajaýyp zaman», «Ata sarpasy», «Jennetli geljek», «Päk köňül» we başga-da birnäçe hususy kärhanalar gatnaşdy.

Han GELDIÝEW.