Bedew batly ösüşleriň diýary

6 Ýanwar 2021
1141

Ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk mynasyp dowam etdirmek maksady bilen joşgunly zähmete iterýän ruhy güýç hökmünde ýyly mynasyp atlandyrmak indi milli Liderimiziň baştutanlygynda asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen yglan edilen 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary ýurdumyzyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň we ynsanperwer «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgä esaslanýan içeri syýasatynyň bitewüligini we özara utgaşyklylygyny alamatlandyrýar.

Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul etdi. Täze ýylyň şygarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen utgaşmagy aýratyn bellärliklidir. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlary bilen içerki ösüşiniň özara sazlaşygyny aýdyň beýan edýär. Watanymyzyň eýe bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy onuň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrülmeginiň syýasy-hukuk binýadyny düzýär. Ýagny, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýylyň şygary bilen hem özara berk baglanyşygy öz- özünden düşnükli bolýar.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.