Parahatçylyga çagyryşyň milli nusgasy

19 Dekabr 2022
811

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan döwletimiziň milli diplomatiýasy halkara jemgyýetçiliginde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Biziň ýurdumyz sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi milli edebiýatymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi edebiýatda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyz özbaşdak, erkana, parahat we garaşsyz döwleti döretmek hakyndaky pikirlerini, arzuwlaryny öz şahyrana eserlerinde beýan edip geçipdirler. Biz muny görnükli edebiýatymyza ser salanymyzda aýdyň görýäris.

Aýjan KAKAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.