Milli parahatçylyk ýörelgesi

14 Dekabr 2022
429

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan döwletimiziň milli diplomatiýasy halkara jemgyýetçiliginde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Biziň ýurdumyz sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda üstünlikli çykyş edýär.

Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak esasynda özara gatnaşyklary ösdürýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygyny kepillendirýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin amatly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleriniň bütin adamzadyň hyzmatynda goýulýandygy, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklere eýedigi, syýasy durnuklylygyň saklanýandygy oňyn netijelerini berýär. Şunlukda, hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Türkmenistan bütin dünýäde we şol sanda sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurtlaryň maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Täze ösüş ýoly türkmeniň taryhy ýörelgesine we milli däp-dessurlaryna laýyk gelýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy deňhukukly, özara hormat goýujylykly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmenistan sebitde ýüze çykýan meseleleriň öňüni almakda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde oňyn tejribeleri toplady. Mukaddes Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk ýurdumyza şeýle rowaçlyklary bagyş etdi.

Begençgeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň mugallymy.