Ýaşasyn parahat durmuş!

13 Dekabr 2022
547

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda il-ýurduň abadan, bütin adamzadyň parahat ýaşamagynyň hatyrasyna tutumly işler amala aşyrylyp, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraý-mertebesi barha belende göterilýär. Umumadamzadyň bagtly geljeginiň bähbidine parahatçylyga, rowaçlyga çagyrýan ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly ajaýyp goşgusynda aýdyňlygy bilen beýanyny tapýar.

Halkara Bitaraplyk gününiň uludan toý edilýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» aýdymy üçin taýýarlanan wideoşekiliň dabaraly tanyşdyrylmagy diýseň tolgundyryjy boldy. Bu aýdymyň dünýäniň dürli halklarynyň dillerinde joşgunly ýaňlanmagy ähliniň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Bibisoltan ATAKOWA,
Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti.