Döwür içre Diýar gülleýär bu gün

14 Dekabr 2022
490

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň, özgerişiň buýsançly belentliklerine göterilýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi biziň şu günümiz we geljegimiz, onda halkara gatnaşyklary ösdürmek, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlar jemlenýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, howpsuzlyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar.

Şu günler eziz Diýarymyzy gurşap alýan taryhy ähmiýetli wakalar türkmen halkymyzy buýsandyrýar, baky bagtyň goýnuna ýollaýar. Täze taryhymyzyň şöhratly menzillerine guwanç bilen nazar aýlalyň! 9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmegi hem-de onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garalmagy möhüm ähmiýetli waka boldy.

Ýörite habarçymyz.