Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň nusgasy

13 Dekabr 2022
554

Hoşniýetli Bitaraplyk, parahatçylyk dörediji taglymlaryny ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek türkmen halkynyň ynsanperwer ýol-ýörelgelerinden, milli däp-dessurlaryndan gözbaş alýar. Şeýle ýol-ýörelge bilen nesil terbiýelän halkymyz bu gün hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýradýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty hemişe parahatçylyga hem oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna ymtylýan türkmen halkynyň milli däpleriniň döwrebap ýüze çykmasyna öwrüldi. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatdaky çykyşlarda bitaraplyk ýörelgeleriniň gymmatlyklaryny açyp görkezmäge giň orun berildi. Halkara maslahatyň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda Bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar üçin möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenilýär. Halkara maslahatyň çäklerinde «Dialog — öňüni alyş işiniň we gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň guraly», «Dialog arkaly azyk we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak», «Maglumat giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlyk we milletara gatnaşyklary ýola goýmakda maglumat ulgamynyň orny» ady bilen mejlisler geçirildi. Ýörite mejlisleriň işleriniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, şeýle hem dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň öňünde durýan meseleler boýunça sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Bu gün Türkmenistan BMG-niň sebitdäki ýakyn hyzmatdaşydyr. Parahatçylygy we asudalygy berkitmekde, Merkezi Aziýa sebitinde syýasy durnuklylygy gazanmakda Türkmenistanyň bitiren hem bitirip biljek hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi öz işine başlady. Türkmenistanda hemişelik esasda BMG-niň birnäçe guramalary hem işleýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine möhüm başlangyçlaryň birnäçesini teklip etmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini çözüji, durmuşyň dürli ýaýrawlarynda bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýjy, goňşy we beýleki döwletler bilen deňhukukly we ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdüriji merkez hökmünde at-abraýa eýe boldy.

Güljan ALLAGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.