Watansöýüjiligiň beýik nusgasy

14 Dekabr 2022
646

Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary ýakymly wakalary bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sahypalarynda öçmejek yz goýdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň berilmegi bolsa şol wakalaryň ýakymyny we täsirini has-da artdyrdy.

Bu örän ýerine düşen çözgütdir. Çünki eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň üstünlikli daşary syýasaty hormatly Prezidentimiziň ady bilen berk baglanyşykly. Elbetde, Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişeninden bäri dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy nusgalyk derejede alyp barýar. Ýurtbaştutanymyz ýokary döwlet wezipesine girişmezden ozal hem bu işde baý tejribe toplady. Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki wekilhanalarynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde jogapkärli wezipelerde işläp, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlara ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiziň ägirt uly diplomatik ukyby dünýä derejesinde ykrar edildi.

Türkmen gündogary.