Türkmen halkynyň parahatçylykly, döwletli ýoly

13 Dekabr 2022
559

Her bir döwletiň, halkyň taryhynda has täsirli, möhüm ähmiýetli, şanly seneleri bolýar. Türkmen halky üçin şeýle naýbaşy seneleriň biri-de, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrydyr. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. BMG-niň taryhynda-da şu mazmunly Rezolýusiýa ilkinji gezek kabul edildi. Bu taryhy waka halkymyzyň has irki döwürlerde durmuşa ornaşdyran ynsanperwer adat-däpleriniň halkara resminamada öz beýanyny tapandygyny alamatlandyrdy. Döwletimiziň Garaşsyzlyk ýoly bilen galkynyş, parahatçylyk arkaly ösüş ganatyny goşalandyrdy. Şanly sene türkmen jemgyýetiniň ata-baba dowam edip gelýän belent adamkärçilik, agzybirlik, dostluk, duýgudaşlyk, raýdaşlyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryna ygrarlydygyny dabaralandyrdy. Danalarymyzyň milletara gatnaşyklarda ylalaşykly, açyk göwünli bolmak, ynsan mertebesini hormatlamak, birek-birege ynanyşmak we goldaw bermek hakynda il-ulsuna miras goýan wesýetleriniň umumadamzat bähbitlidigini dünýä ýaýdy. Buýsançly gün ýagşy niýetli watandaşlarymyzy parasatly akyl-paýhasy, hoşmeýilli erk-islegi, joşgunly döredijiligi, yhlasly zähmeti bilen Zemin asudalygynyň hatyrasyna mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýany ikinji gezek kabul edendigi aýdylanlaryň hakykatdygyny tassyklady.

Taryhy maglumatlara ýüzlensek, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleriniň gadymy halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan ynsanperwer gymmatlyklaryndan alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Onuň delilleri türkmen halkynyň paýhas çeşmesinde, merdana ogullarynyň Watan öňünde bitiren hyzmatlarynda, akyldarlarynyň döredijiliginde näçe diýseň bar. Könelerimiziň: «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Arkalaşan – dag aşar», «Gelen – döwlet» diýen ýaly ençeme ganatly sözleri halkymyzyň watançylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, myhmansöýerlik ýol-ýörelgelerini dünýä tanadyp gelýär. Göktürkmen döwletiniň hökümdary Istemi hanyň 568-nji ýylda Wizantiýa imperatorynyň ýanyna ilçi hökmünde Tagma hany iberendigi we onuň tagallasy bilen iki döwletiň arasynda dostluk hakynda şertnamanyň baglaşylandygy ýurduň howpsuzlygy, il-günüň rahatlygy ugrundaky milli diplomatiýanyň has irki döwürlerde dörändiginden habar berýär. Magtymguly Pyragynyň «Ýat bolar» goşgusynyň: «Göreş bir abraýdyr, uruş bir destdir, Kişini kemsiden – özi näkesdir» diýen dürdäne setirleri köpçüligi urşy ýazgarmaga, duşmançylykdan daşda durmaga, ynsana gyýa göz bilen garamakdan saklanmaga çagyrýar. Sözüniň manylygy, gazma dutara ezberligi bilen gapma-garşylygyň öňüni alyp, doganyny ýesirlikden halas eden Şükür bagşynyň ýeňişli sazlary türkmeniň parahatçylyk söýüjiliginiň senasy, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dessany, ynsanperwerlik taglymatynyň waspnamasy bolup ýaňlanýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.