Parahatçylyk söýüjiligiň beýik strategiýasy

14 Dekabr 2022
514

Bitaraplyk taglymaty — bu dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Döwletimiziň dünýä ýüzünde hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolmagy ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Häzirki wagtda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak arkaly halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyza berýän ünsüniň we hormatynyň aýdyň beýanydyr. Taryh üçin gysga döwürde türkmen Bitaraplygy dünýäde belent ykrarnama eýe bolmak bilen, Aşgabat bu ykrarnamanyň jähetinde sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkeze öwrülýär. Dürli dawa-jenjelleriň parahatçylykly çözülmegini ugur edinip, ýurdumyz möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, dünýäde «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly taglymatlaryny dabaralandyrýar.

Gurbanmyrat GURBANOW,
TMÝG-niň Köneürgenç şäher geňeşiniň başlygy.