"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Dizaýn şäher Aşgabat!

Şatlyk habary guş göýä,Şol gün doldy her bir öýe.«Prezident sag bolsun!» diýe,Uly-kiçi boldular şat,Dizaýn şäher Aşgabat! Dürli gül bezäp sag-soly,Ýollaryň bar oklaw ýaly.Waspyň kän ediler häli,Çünki sen goýduň ýagşy at,Dizaýn şäher Aşgabat!

Täze ýyl arzuwlary

Her täze ýyl täze gadam, täze şan,Päk arzuw-niýete beslenýär ynsan,Tutuş adamzadyň beýik islegi —Goý asuda bolsun Zemin hem Asman! Luw ýyly, gel, dünýä bagt eçil sen,Müşgil ýollar asan bolup geçilsin!Gelin gelsin, bäbek gelsin öýlere,Jaý toýlarda nogul-nabat seçilsin!

«Di­lim bar — dün­ýäm bar»

«Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dilim bar — dünýäm bar» ýaly halk pähimlerinde ündelýän pikirler döwlet tarapyndan indi birnäçe onýyllyklardan bäri maksatnamalaýyn esasda dil öwrenmegi ýola goýmak boýunça amala aşyrylýan işlerde öz beýanyny tapýar. Köp dil bilmek baýlykdyr, ruhy kämillikdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bilim ojaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi ýaşlara öwredilýän dilleri tiz özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýörite gollanmalaryň, kitaplaryň, sözlükleriň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu babatda okuw maksatnamalarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edilýär.

Aý­dyň mak­sat­lar — be­lent sep­git­le­re

Häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk, maglumat-kommunikasiýa ulgamy bedew batly ösüşler bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki asyrymyz innowasion tehnologiýalaryň asyry, ýokary tizlikli ösüşiň eýýamy hasaplanýar. Çünki häzirki döwri internetsiz, innowasion tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Innowasion tehnologiýalaryň okgunly ösýän döwründe, dünýä ýurtlarynyň dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýän zamanasynda biziň ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmäge, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Olary ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň sanly ukyp-başarnyklaryny kemala getirmek ugrunda amala aşyrylýan işler ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem-de maglumat jemgyýetini emele getirmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda: «Biz dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämil

Iň gadymy däne hasyly

Türkmenistanyň ähli gülli ösümlikleriniň arasynda däneliler maşgalasynyň wekilleri Garagum çölünde, dag eteklerinde, düzlüklerde we oazislerde has-da agdyklyk edýärler. Olar halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýelän ykdysady taýdan esasy galla önümleridir. Bulara, esasan, bugdaý, arpa, şaly, mekgejöwen, süle, çowdary, jöwen we dary ýaly däneli ösümlikler degişlidir. Ýabany we ösdürilip ýetişdirilýän däneler öý haýwanlary üçin hem gymmatly ot-iým bolup durýar. Türkmenistanyň ösümlikleriniň däneliler maşgalasy 94 ugurdan ybarat bolup, ýurdumyz boýunça 266 görnüşli ýabany we ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler bar. Bular gyrymsy agaçlar, köpýyllyk we birýyllyk otlardyr.

Bereket – bolçulygyň toýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ajaýyp zähmet üstünlikleri, belent sepgitler bilen jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň goldaw hemaýatlary bilen ýurdumyzy azyk önümleri bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu günki gün bereketli topragyň jomartlygyndan, daýhanlaryň zähmetinden emele gelen bol hasyl ýetişdirilýär. Dünýäde ak bugdaýyň ilkinji mekanynyň türkmen topragy bolmagy-da gadymy halkymyz üçin öran buýsançly hem guwançlydyr. «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, topraga azap siňdirseň, ol ýerden bal akyp, gül biter. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän ekerançylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de welaýatlaryň we etraplaryň toprak, howa şertlerini göz öňünde tutup, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ýerleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak – bularyň ählisi-de oba hojalygyny düýpli ösdürmek barada kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegini, ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan, ýerli m

Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr dü­züş us­sat­ly­gy

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry, mil­li ede­bi söz sun­ga­ty­nyň ro­waç­lan­ma­gy­na hem-de çe­per aňyň kä­mil­leş­me­gi­ne uly go­şant go­şan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň gym­ma­ty­ny yl­my, jem­gy­ýet­çi­lik nuk­daý­na­zar­dan düýp­li öw­ren­mek­de uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Biz da­na akyl­da­ryň dö­re­di­ji­lik dün­ýä­si­ne iç­gin ara­la­şa­ny­myz­da, onuň poe­zi­ýa­sy­nyň dür­li öl­çeg­li, dür­li gur­luş­ly şy­gyr dü­zü­li­şiň on­lar­ça gör­nüş­le­ri bi­len be­ze­len­di­gi­ni gör­ýä­ris. Söz­le­ri na­ky­la öw­rü­len şa­hy­ryň li­ri­ka­sy halk dur­mu­şy­nyň, ta­ry­hy geç­mi­şiň ha­ky­kat­la­ry­nyň çe­per be­ýa­ny bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ýa­zuw­ly ede­bi­ýa­tyň ta­ry­hy ösü­şin­de Mag­tym­gu­ly­nyň ede­bi mek­de­bi­niň men­zil­le­ri şy­gyr sun­ga­tyn­da tä­ze ide­ýa, maz­mun, sýu­žet, ob­raz, stil, žanr, per­so­naž we su­rat­lan­dy­ryş kä­mil­li­gi­niň, mil­li duý­gu­la­ryň nus­ga­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni ge­tir­me­gi bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar.  Şa­hy­ryň lez­zet be­ri­ji poe­tik us­sat­ly­gy, ja­dy­ly dö­re­di­ji­lik güý­ji äh­li halk­lar­da uzak ýyl­lar­dan bä­ri sar­pa­la­nyp ge­lin­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň özü­niň eser­le­ri­niň kä­mil­li­gi, ak­gyn­ly­ly­gy, çe­per­çi­li­gi, saz­la­şyk­l

Döw­let­li Di­ýa­ryň çem­pion per­zent­le­ri

Hiç ha­çan ha­ky­daň­dan öç­me­ýän müd­det­le­re pur­sat di­ýil­ýär. Kä­bir wa­ka­lar bol­sa pur­sat­la­ryň tu­tuş top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Mer­jen paý­tag­ty­myz­da no­ýabr aýy­nyň 23-in­den 28-ne çen­li ara­lyk­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty ha­ky­da­lar­da he­mi­şe­lik ýa­şa­jak pur­sat­la­ra ju­da baý bol­dy. Bu pur­sat­lar gu­ra­ma­çy­ly­gyň we tür­gen­le­ri­mi­ziň çy­kyş­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len berk bag­ly­dyr. Şu çempionat nämäni subut etdi, bilýäňizmi? «Diýar» düşünjesi diňe bir adamlaryň ýaşaýan toplumyna degişli däl eken. Adamlardan başga-da, parahatçylygyňam, dostlugyňam, sportuňam Diýary bolup biljek eken. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, ine, şu belentlikleriň üçüsiniň hem Diýary! Aslynda, biziň ýurdumyz bagt paýlamak üçin gelen bagt guşunyň soň örküni üzüp bilmeýän, baky düşelge edinýän mesgeni. Mundan 10 ýyldan gowrak ozal käbir sebitleýin ýaryşlar bilen türkmen Diýarynda düşlän sport indi bu ýurtdan örküni üzüp bilenok. Häli-şindi gelip düşleýär. Barmak büküp sanalsa, soňky 10 ýylyň içinde ýurdumyzda halkara derejeli sport ýaryşlarynyň 20-si dagy geçiriläýen eken. Olaryň iň täzesi, elbetde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty.

Syrly duşuşyk

Aksona Saparmedowanyň çeken suraty Ine, tyllaýy güýzüň güneşli günleriniň ýene biri. Säheriň sergin hoştap howasy meni öňkülerdenem biraz irräk oýardy. Göwnüme bolmasa, men aýratyn bir täsin pikir-duýgynyň gujagynda ýaly. Şeýle duýgy bilen gapdal-golaýymyzdaky seýilgähe tarap howlukdym. Ol ýerde sport eşiginde dürli maşklary edip ýören uly-kiçiniň sany barmak büküp sanardan kändi. Batlyja ylgap ýa-da çala ädimini batlandyryp deňimden geçýänlerem az däl. Agras güýzüň hoştap howasy şahalardaky guşlaryňam höwesini göterýän bolmaly. Asyl, jagyl-jugullar, jüýp-jüýpler säher nagmasy bolup, göýä ýukajyk buludyň gaýmagyny serpip, labyrdap göteriljek Günüň dogaryna howlugýan ýaly.

Diýaryň jahankeşdesi

Ol çagalykdan medeni ýadygärliklere, milli miras bilen bagly zatlara imrinerdi. Taryhy ýerler bolsun, el senedi bilen bagly gural bolsun, parhy ýok, Şirin oňa durky-düýrmegi bilen berlerdi. Kakasynyň taryha, mirasa dahylly süýji gürrüňlerinden gulagyny gandyran gyzyň hyýallary ony alyslara äkiderdi. Şirin hyýalynda gadymy Köneürgenje, Merwe seýran ederdi, çünki bu gadymy ýadygärlikler hakda mekdepde geçilýän taryh dersinden kän zatlar öwrendi. Ese-boýa galyp başlandanam, Şiriniň bar küýi taryhy kitaplarda boldy. Şeýde-şeýde, ol ykbalyň salgy beren ýoluny yzarlap, alymlyga ýetdi, ajaýyp zenan, ussat taryhçy, ezber mirasgär hökmünde ykrar edildi. Hawa, Şirin Gylyçmedowa durmuşda arzuwlarynyň salgy beren ýoluny dürs tapan zenanlaryň biridir. Şiriniň hem alymlyk, hem žurnalistlik ukyby özara utgaşyp, «Miras» teleýaýlymynda yzygiderli berilýän gepleşiklerdäki alypbaryjylygy bilen sazlaşyp, ony ýurdumyzyň iň bir meşhur medeniýet işgärleriniň hataryna goşdy.  Ykbal. Ol her bir ynsana arzuwdyr hyýallary esasynda örklenen durmuş ýoluny salgy berýär. Umytlaryň yzynda ser-sepil bolup ýaşaýan, wysala tarap ädimleýän her bir ynsan, ýüreginiň sesine we täleýiniň salgysyna dogry düşünse, onuň derejeli ykbala eýe boljakdygy ikuçsuz. Ine, biziň bu alymymyz hem hut şeýle arzyly takdyra eýe bolan zenanlardan. Taryhy ýadygärlikler baradaky söhbetler, başda-da belleýşimiz ýaly, Şirin en

Mälik Pälwan

Türkmeniň ynançlary, edim-gylymlary ýyllaryň geçmegine garamazdan, häzirki günde hem ýörgünli dowam etdirilýär. Türkmen başyna agyr iş düşende-de, döwletli işiň başyna baranda-da, ýüregine teselli gözlände-de rowaýatlaryň üsti bilen, halka ýetirilen keramatly, gudratly saýylýan ýerlere, öwlüýälere baryp, aýat-töwir edip, geçmişini sarpalaýar. Şeýle mukaddes ýerleriň biri hem Duşak obasynyň ilersinde, dag etegindäki baýyrlygyň içinde ýerleşýän Garpyzly öwlüýäsidir. Bu ýer indi ençeme ýyl bäri il içinde Mälik Aždar diýip adygan pälwanyň ýatan ýeri hasaplanýar. Eýsem, Mälik Aždar pälwan kim bolupdyr? Ýaşlygyndan kakasy Hars patyşanyň elinde Hezreti Alydan ar almak islegi bilen terbiýelenen Mälik eýýäm 18 ýaşynda daýaw göwre batyr pälwan bolup ýetişýär. Gujur-gaýraty, gazaby hernäçe ýeterlik bolsa-da, heniz Mäligi ýaş hasap edýän Hars patyşa Alynyň garşysyna oglunyň ýany bilen öz serkerdebaşysyny goşup ugradýar. Mälik pälwan erkek doganlarynyň aryny almaga giden hem bolsa, yzyna tutuş goşuny bilen yslam dinini kabul edip, üstesine-de, Aly bilen dogan okaşyp gaýdýar. Bu ýagdaý Hars patyşanyň gahardan ýaňa sanalgysynyň dolmagyna sebäp bolýar. Mäligiň Hezreti Alynyň ýanyna baryp, gudrat görmek isleginiň soňy tutuş Nepis şäheriniň raýatlarynyň yslam dinini kabul etmegine getirýär. Çünki Mälik pälwan goşuny bilen birlikde, äpet daşyň ortadan ikä bölünip, içinden lagly-merjene bez

Dar­ga­na şä­he­ri­niň ta­ry­hy

Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: «Dar­ga­na şäh­ri­ne gök­den ses ge­ler» — di­ýip bel­läp­dir. Mu­ny ýat­la­mak bi­len, geç­miş­den hem gel­jek­den ha­bar­ly akyl­da­ryň, Dar­ga­na­ta­ny ba­ryp-ha şol dö­wür­de ony di­ňe bir şä­her di­ýip at­lan­dyr­man, eý­sem, bu ýe­re uly äh­mi­ýet be­ren­di­gi­ne ün­s çek­mek is­le­dik. Ha­wa, Mag­tym­gu­ly ata­myz kül­li adam­za­dyň yk­ba­ly, bu uly dün­ýä­niň dür­li ýag­daý­la­ry ha­kyn­da söz açan­da, tu­tuş go­ja Ze­min üz­re iň mö­hüm ýer­le­riň ha­ta­ryn­da Dar­ga­na­ta­nyň ady­ny hem ge­tir­ýär. Şa­hy­ryň şu se­ti­ri­ne gaý­ta­dan na­zar aý­lap, ýa­ňy-ýa­ňy­lar, biz og­lan wagt­la­ry­myz hem gar­ry­la­ryň gep ara­syn­da bu ýe­riň ady­ny «Dar­ga­na» (ýa-da «Dar­gan») di­ýip tu­tan­dyk­la­ry ýa­dy­ma düş­ýär. Mun­dan ba­ry-ýo­gy ýa­rym asyr çe­me­si ozal­ky ýa­şu­lu­lar hä­zir­ki Dar­ga­na­ta­nyň ady­ny Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň mun­dan, gör, nä­çe wagt ozal at­lan­dy­ry­şy ýa­ly at­lan­dyr­ýar­dy­lar.

Ke­rem-ke­ra­mat­lyk­lar

Garagumuň ak ýaýlalarynda, seleň sähralarynda ömür süren ata-babalarymyzyň geçen ýoly müňýyllyklaryň dowamynda özüniň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen gojaman taryhyň sahypalarynda görnükli yz galdyrypdyr.  Beýik Biribar türkmen topragyna ähli naz-u-nygmaty sahylyk bilen eçilipdir. Bu toprakda önýän guşgursak bugdaýydyr «ak altyny» diýjekmiň ýa-da süýji ir-iýmişleridir gök-bakja önümlerini diýjekmiň, garaz, sanasaň, sanap oturmaly. Bugdaý, un, tamdyr, kendirik, çörek, saçak — bular bir kökene düzülen mukaddeslikler. Şonuň üçin hem pederlerimiziň paýhas ummany bolan halk döredijiliginde-de bu mukaddeslikler bilen baglanyşykly nakyllar, rowaýatlar, yrymlar näçe diýseň bar. Ýere urdum paltany,Agzy gyzyl haltany,Ýerden bir oglan çykdy,Uly iliň soltany.

Öz işiniň ussady

Sun­gat jem­gy­ýe­tiň pi­kir edi­şi­ne, dün­ýä­ga­raý­şy­na tä­sir edip, mil­li dü­şün­jä­niň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Su­rat, heý­kel, saz we beý­le­ki sun­gat eser­le­ri, edebiýat is­len­dik hal­kyň ta­ry­hy geç­mi­şi­ne, aý­ra­tyn­ly­gy­na dü­şün­mä­ge ýa­kyn­dan ýar­dam ed­ýär. Biz hem žur­na­ly­my­zyň şu sa­nyn­da ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­riň keşp­le­ri­ni, sun­gat we me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň port­ret­le­ri­ni, halk dur­mu­şy­ny hem aňy­ýe­ti­ni şöh­le­len­dir­ýän, aja­ýyp tas­la­ma­la­ry dö­red­ýän us­sat­la­ryň bi­ri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň iki ge­zek, «Türk­men be­de­wi­niň gö­zel­ligini wasp etmek boýunça» bäs­le­şi­giň we Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li heý­kel­ta­raş­la­ryň hal­ka­ra bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň heý­kel­ta­raş­lyk ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Pat­dyk Pat­dy­kow bi­len söh­bet­deşligimizi okyjylara ýetirmegi ma­kul bil­dik. — Pat­dyk mugallym, il­ki bi­len, sun­ga­tyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň için­den heý­kel­ta­raş­lyk äle­mi­ni özü­ňi­ze ba­ky hem­ra edi­nip, onuň syr­ly bo­sa­ga­syn­dan nä­hi­li äden­di­gi­ňiz dog­ru­syn­da aý­dyp be­räý­se­ňiz!

Garagum

Bu gün seň goýnuňa çykdym seýrana,Oty-çöpi derman, barly Garagum!Gyrkylyk yzlaryň goýýar haýrana,Görke gelen Nowruz garly Garagum! Sähra gämisidir maýa, inerler,Ylhamlanýar seň howaňda ýörenler.Mähremligiň duýar synlan, görenler,Durşuňa gudrat sen, nurly Garagum!

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin «Diýar» žurnalynyň elektron görnüşine turkmenmetbugat.gov.tm  internet sahypasyndan hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndan «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasynyň üsti bilen ýazylyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: 39-95-30

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çäreler

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Halkara foruma daşary ýurt wekiliýetleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň agzalary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bu halkara forumda Türkmenistanyň halklary agzybirlige, jebislige, ysnyşykly gatnaşyklara, uly ösüşlere çagyrýan döwletdigi çykyş edenler tarapyndan aýratyn bellenildi. 

Baýramçylyk konserti geçirildi

Ýakynda ýetip gelýän Bitaraplyk baýramy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda tanymal kompozitor Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Geçirilen konsertde uly şowhun bilen ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Konsertde talyplar toparyndan düzülen orkestrler we aýratynlykda çykyş eden talyp ýaşlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Talyplar Azat Bazarowyň, Dünýägözel Begaliýewanyň, Mansur Şaripowyň ýerine ýetiren aýdymlary baýramçylyk konsertiň şowhunyny artdyrdy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň ýolbaşçylygyndaky halk saz gurallar ansamblynyň ýerine ýetiren türkmen halk aýdym sazlary ýaşlarda halypa şägirtlik ýolunyň dowam etdirilýändigini görkezdi.

«Alaja el işimiň maýasy — hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşige

Göwünleriň görki, ömürleriň örki   Alaja türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň kämil görnüşleriniň biri. Alajalar hakynda kän makalalar ýazylýar, köp söhbetler edilýär. Olaryň her birinde öwrenere zat juda köp. Men hem bu ajaýyp el senedi barada gaýyn enemden eşiden bir rowaýatymy beýan etmek isleýärin.

«Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigine

Alaja — eşigiň gaşy, şerden gorar başy Uzaklardan ýol alyp, biziň häzirki döwrümize çenli gelip ýeten gymmatlyklarymyz bu günki günde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Gadymyýetiň syrly gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýan el işlerimiz eneden gyza galdyrylan bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlyk hasaplanylýar. Türkmençilikde gyz çaga ýaňy kemala gelip başlan wagtynda oňa el işi öwredilipdir. Ilki bilen hem alaja işmekden başlapdyrlar. Ak bilen gara reňkler birleşdirilip, oňa mäkämje tow berlip, inçeden owadan alajalary işip dakypdyrlar. Göz-dilden gorasyn diýip alajany köp ýerde ulanypdyrlar. Bir işiň başy tutulanda alaja bilen başlanypdyr. Dokma ýüwürdilende haly dokalyp bolunýança erşiň üstünde alaja goýlupdyr. Täze jaýa göçülende, täze ulag edinilende, öýe täze gelin gelende ilki alaja bilen garşylanypdyr. Durmuşa çykjak gyzyň el bukjasydyr bukja bagynyň daşy sünnälenip örülen alaja bilen bezelipdir.