"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin «Diýar» žurnalynyň çap edilýän we elektron görnüşine abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris. Žurnalyň çap edilýän görnüşine «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine baryp ýüz tutup bilersiňiz. Elektron görnüşine turkmenmetbugat.gov.tm internet sahypasynyň hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» diýen bukjasyndan ýazylyp bilersiňiz.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Mer­te­be mün­be­ri

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we ählumumy abadançylygyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleri diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, bütin dünýäniň belent hormatyna mynasyp bolýar. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.  Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen şol taryhy duşuşykda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada dialog maslahatyny döretmegi, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamagy, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly ýöriteleşdirilen düzümli tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi. Bu teklipler bütin adamzadyň ykbaly bilen bagly asylly maksatlardan gözbaş alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ähmiýetli teklipleri orta atmagy, türkmen döwletiniň oňyn ýörelgelere esaslanýan daşary syýasatynyň aýdyň mysaly boldy. Dünýäniň tejribeli syýasatçylarynyň biri hökmünde ykrar edilen Gahryman Arkadagymyzyň Bu ýokary derejeli duşuşyga T

Beý­gel­mek bag­ty

Bu bagta sözüň doly manysynda mynasyp bolan ata Watanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda tutuş dünýäde syýasy abraýyny barha berkidýär. Ýetilen derejeler türkmen halkynyň dünýä ähmiýetli başlangyçlary batyrgaý öňe sürýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Hawa, ýagşylyga we asylly başlangyçlara esaslanýan ýörelgeleri bilen barha adygýan ata Watanymyzyň syýasy mertebesine mertebe goşan wakalaryň biri hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmagydyr. Bu abraýly halkara guramanyň dürli ykrarnamalaryna eýe bolan ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen doly ykrar edilen kuwwatly döwlet hökmünde giň jahana bellidir. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň nobatdaky taryhy mejlisindäki çykyşynda Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende Türkmenistanyň möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini öňe sürdi. Merkeziň işi üçin Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmeklige ýurdumyzyň taýýardygyny habar bermek bilen, hormatly Prezidentimiz bütin adamzadyň ykbalynyň gülledilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň ýene-de bir ähmiýetli ugruny öňe sürdi.

Geňeş

Gel, gardaşym, geçmişe ser salaly, Pikir edip ondan many alaly! Ir döwür pederler geňeş edende,Şeýle däpler bar ekeni türkmende.

Döwletlilik ýolunyň dabaralanmagy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gadymdan gelýän ýörelgämiz bolan döwletlilik ýoly bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döwleti döretmekde hem-de ony dolandyrmakda toplan oňyn tejribesinden ugur alnyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelere daýanylýan ýurdumyzda adam hakyndaky alada Hökümetimiziň esasy iş ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Jemgyýetimiziň gurluşynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny özygtyýarly, Berkarar döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda barha ýokarlanýar. Bu gezekki geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edip, oňa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy we taryhy çykyş etmegi milli demokratiýamyzyň dabaralanmagyna aýratyn öwüşgin berdi.

Garaşsyzlyk - kö­ňül­le­riň gu­wan­jy

Garaşsyzlyk halkyň ruhy ganatydyr. Garaşsyzlyk toýy bolsa köňülleriň hoşudyr. Her ýylda uly dabaralara beslenip geçirilýän Garaşsyzlyk toýuna türkmen ili irgözinden taýýarlyk görýär. Ol taýýarlyk işleri geçen gezekki toýdan badalga alyp, ýylyň dowamynda köňüllerimizi buýsandyryjy üstünliklere atarýar. Garaşsyzlygymyzyň geçen gezekki toýuny dabaraly ýagdaýda bellänimizden bäri geçen bir ýyla golaý wagta ser salanymyzda, köňüllere ganat bekledýän wakalaryň yzly-yzyna bolandygyna göz ýetirýärsiň. Ilkinji günlerinden şowly hem batly ädimleri bilen begendiren, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylyň her bir güni ähmiýetli wakalara, belent sepgitlere beslendi. Şu ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Garaşsyzlygyň miwesi bolan Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy hemmeleriň köňül guşuny al-asmana uçurdy, döwre, eziz Watana, mukaddes Garaşsyzlyga bolan buýsanjy has-da artdyrdy. 20-den gowrak halkara güwänama mynasyp bolan bu şäheriň «ýaşlaryň şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem şu ýylyň ruhuna kybap gelýär. Golaýda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä ýurtlarynyň arasynda barha artýan abraý-mertebesine şaýatlyk edýär.

Er­kin­lik­den bin­ýat bo­lan

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherimiz gün-günden gülläp ösýär. Onuň çäginde häzirki zaman dünýä talaplaryna laýyk gelýän täze, ajaýyp, ak mermere beslenen binalar, şol gurulýar. Paýtagtymyzda türkmen we taryhyny şöhlelendirýän binagärlik taslamalary örän kändir. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny dünýä äşgär edýän ajaýyp nusga bolup duran Garaşsyzlyk binasydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasy türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhyny özünde jemleýän ajaýyp binagärlik nusgasydyr. Bu bina mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna paýtagtymyz Aşgabatda 2000-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. Desga milli binagärlik sungatyna esaslanyp, özüniň ajaýyp çeperçilik keşbi bilen tapawutlanýar. Garaşsyzlyk binasynda häzirki zaman usulynda ýerine ýetirilen ýokary ymtylma, geometrik bölekler, manyly bezeg nyşanlary ulanylandyr. Bu bina türkmen halkynyň birnäçe asyrlyk arzuwy bolan Garaşsyzlygynyň simwoliki beýanydyr.

Durnukly ösýän ykdysadyýet – halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň baş ugry bolan ykdysady ulgamdaky döwlet strategiýasy ylmy çemeleşmä, hojalygy başarjaňlyk bilen ýöretmäge, çaklamaga hem-de meýilnamalaşdyrmaga esaslanýar.Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy makroykdysady deňagramlylygy saklamaga ýardam berýär. Ýurduň ol ýa-da beýleki önümçilik, eksport ýöriteleşmesine garaşlylygyny azaldýar, içerki we daşarky amatsyz şertlerde hem ykdysady howpsuzlygy pugtalandyryp, täze, tehnologik taýdan has çylşyrymly bolan önümleri, şeýle-de importy çalyşýan önümleri öndürmek üçin şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligine, eksporta gönükdirilen harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagyna, elektron senagatyň döredilmegine degişli döwlet maksatnamalary işjeň amala aşyrylýar. Umuman, ähli pudaklara innowasion we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly eksportyň ösüşi ýola goýulýar.

Be­ýik akyl­da­ryň be­ýik tag­ly­my

Garaşsyz döwlet gurmak, berkarar döwletde, asuda asmanyň astynda bir supranyň daşynda berk jebisleşip, agzybir zähmet çekmek, ene topragyňy gülletmek bilen bagly maksat-niýetler türkmen halkynyň milli, gaýtalanmajak, özboluşly, şol bir wagtda-da, umumadamzat ähmiýetli pelsepesinden gelip çykýar. Ine, halkyň ruhy süňňünden sap kümüş ýaly syzylyp çykan şeýle jöwher pikirler beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň baş pelsepesinden binýadyny, özenini düzýär. Bu müdimi pikirler türkmen jemgyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň düýp mazmunyny, strategik esasyny kesgitleýär. Ylmy dilde «döwlet» adalgasy jemgyýeti dolandyrmak, ýagny milli ykdysadyýeti ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň goraglylygyny üpjün etmek, adamlaryň ruhy-medeni derejesini ýokarlandyrmak, şeýle-de daşary syýasaty ýöretmek üçin döredilen syýasy institut diýlip kesgitlenilýär.

Saglyk - bagtyň gözbaşy

Ynsan ömrüniň bagtyýarlyga, ýaşaýşynyň abadanlyga beslenmeginde saglygyň gadyr-gymmaty bimöçberdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda halkymyzyň saglygy babatda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işler bu gün ynsan saglygynyň kämil goraglylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, täze hassahanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri we başga-da saglyk maksatly birnäçe binalar guruldy hem-de bu ugurda ýene-de ençeme desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň «De­ňiz der­we­ze­si»

Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilýän gözellikler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle beýik işler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmak, ony dünýäniň iň ösen ykdysady ulgamyna goşmak ýaly anyk esaslarda amala aşyrylýar. Hazaryň türkmen kenary tebigy mümkinçiliklere örän baý bolup, onuň ykdysady taýdan bähbitliligi juda uludyr. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bähbidi üçin şeýle ägirt uly tebigy hem-de ykdysady mümkinçilikleri netijeli ulanmak meselesini çözmäge örän düýpli we toplumlaýyn çemeleşýändigi häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolan hakykatdyr. Mälim bolşy ýaly, mundan bäş ýyl ozal tutuş Merkezi Aziýanyň baş «deňiz derwezesiniň» wezipesini ýerine ýetirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň döwrebap desgalary Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berlipdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň esasy taslamasy «Ýaşyl port» halkara ölçegleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylypdyr. Bu halkara ölçegi deňziň we deňiz kenarynyň daşky gurşawyny goramagy, deňiz tebigatyny netijeli ulanmagy, bioköpdürlüligi goramagy maksat edinendir.

Azyk bol­çu­ly­gy - döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň mi­ze­mez sütüni

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatynda-da oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, boz ýatan tarp ýerleri özleşdirmekde, ekinleriň idegi döwründe hem-de hasyl ýygymynda innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda uly ösüşlere eýe bolundy. Welaýatda geçen 32 ýylyň dowamynda pagtaçylyk, gallaçylyk, tohumçylyk, maldarçylyk pudaklaryny rowaçlandyrmakda, gök-bakja ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde amala aşyrylan işleri seriňde aýlanyňda, bu ugurlarda taryhy ähmiýetli möhüm ädimleriň ädilendigine doly göz ýetirmek bolýar. Aýratyn hem, welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän tohumlarynyň täzeden-täze görnüşlerini döretmekde alymlarymyz tarapyndan bitirilen işler buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şeýle gözlegli işleri welaýatyň gök-bakja önümlerini we datly miweleri ýetişdirýän ekerançy alymlary hem yzygiderli alyp bardylar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň uly aladalary netijesinde, welaýatyň bu pudaklary yzygiderli ösdürildi, tehnikalaryň, oba hojalyk gurallarynyň täzeden-täze tapgyrlary bilen tehniki üpjünçilik binýady barha berkedi. Häzirki döwürde bu ýerde welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän «John Deere», «CLAAS», «MTZ» hem-de «Belarus» kysymly traktorlary

Özgerişleriň ýoly bilen

Lebap welaýatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçen özgertmeleri göz öňüne getirmek üçin hyýalyňyzda guşuçar belentlige galyp, bu mekana gaýybana syýahat etmeli. Şonda, ilki bilen, Amyderýanyň üstünden gurlan iki sany demir ýol we üç sany awtomobil köprülerine, agyz suw arassalaýjy desgalara, häzirki wagtda bar bolan islendik howa gämilerini kabul edip bilýän iki sany Halkara howa menziline, halkara awtomenzile, «Lebap» sement zawodyna, kaliý dökünlerini öndürýän dag magdanlaryny baýlaşdyryjy topluma, beýleki senagat kärhanalaryna, elektrik stansiýalaryna, «Berkarar zaman» döwrebap obasyna, soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berlen orta we sport mekdeplerine, şeýle hem hassahanalara, saglyk öýlerine, medeniýet öýlerine we ýene-ýenelere gözüňiz düşer. Soňky ýyllarda Seýdi, Türkmenabat şäherlerinde, Halaç etrabynda gurlan hem-de işe girizilen pamyk egriji fabrikler indi ençeme ýyl bäri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalary dürli ölçeglerdäki ýokary hilli ýüplükler bilen üpjün edip gelýär. Bu bolsa dükanlarda we bazarlarda: «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen alyjylaryň talaplaryny ödeýän egin-eşikleriň mukdarynyň barha artmagyny şertlendirdi. Bu kärhanalaryň önümleriniň bir böleginiň eksporta iberilýändigi we eýýäm bu harytlaryň hemişelik alyjylarynyň emele gelendigi bolsa ýüplükleriň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.

Bilim - jem­gy­ýe­tiň ösü­şini iler­le­di­ji güýç

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna Hal­ky­myz­da «Bi­lim bi­len hik­met — al­tyn­dan gym­mat» di­ýen paý­has bar. Çün­ki bi­lim — jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän, ony öňe iler­led­ýän gym­mat­lyk. Şu jä­het­den, ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýy­lyn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da uly öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy we üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da hem bu ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ga­za­nyl­ýan ne­ti­je­ler ata Wa­ta­ny­my­zy yk­dy­sa­dy-me­de­ni taý­dan has-da uly kuw­wat­lyk­la­ra çy­kar­ma­gy na­zar­la­ýar.

Geljegimiziň ygtybarly serişdesi

Ykdysady we durmuş taýdan barha kuwwatlanýan Diýarymyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda Türkmenistan döwletimiziň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryş işleri kämilleşdirilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä ýetirilýär. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş bazarynda fiziki we ýuridik şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Bu guramanyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine täsir edip biljek töwekgelçiliklerden goramagy gazanmakdan ybarat bolan wezipeleri ilatymyzyň ätiýaçlandyryş durmuş-ykdysady durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär. Ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan alnyp barylýan ätiýaçlandyryş şertnamasy köpleriň bähbidine hereket edip, dürli betbagtçylykly hadysalara duçar bolnan halatynda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin maddy taýdan ýardam berýär. Şeýle-de Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş bazarynda hökmany we meýletin görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş işini amala aşyrýar.

Änew me­de­ni­ýe­ti: taryhyň kämil eseri

G.Nuryýew,«Seýitjemaleddin», 1998 ý. Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my Änew şä­he­ri­ 2024-nji ýyl üçin Tür­ki dün­ýä­niň me­de­ni paý­tag­ty de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Bu ba­ra­da­ky de­giş­li ka­rar TÜRK­SOÝ gu­ra­ma­sy­nyň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edil­di.

Geçmiş-geljek ýaňlarynda baky bagtym, Garaşsyzlyk!

«Watan!» diýip lerzan urýar damarda gyzgyn ganymyz,«Watan» diýip perwaz urýar, Watandyr şirin janymyz,Watan — lebiz, ynam-ygrar, Watandyr hany-manymyz,Watan yşky — joşly derýa, Watandyr şöhrat-şanymyz,Dünýäň belent münberinde, lebzim-ähtim, Garaşsyzlyk,Geçmiş-geljek ýaňlarynda baky bagtym, Garaşsyzlyk! Arkadagyň ak ýolunda döwletleň ykrarnamasy,Raýdaşlygyň bagt ýolunda milletleň ykbal gämisi,Nur saçýar türkmen ilinde äleme ruhsar kamaty,Halkyň beýik ykbalynda täze eýýamyň namasy,Ýaýlalaň müşk-anwarynda roýum-görküm, Garaşsyzlyk,Jümle-jahan ýaňlarynda baky bagtym, Garaşsyzlyk!

Sanly ulgam: amat­ly­lyk, çalt­lyk, tyg­şyt­ly­lyk

Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak we şol sanda durmuş-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça täze innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminamalar dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, sazlaşykly işleýän elektron senagaty ýaly tapgyrlaýyn işleri ýola goýýar.

Wa­tan gül­lär ýaş­lar bi­len

Ýyllar bize beýik geljegiň bilimli ýaşlar bilen gurulýandygyny görkezip gelýär. Çünki bilim beýik geljegi gurmagyň kämil serişdesidir. Biri-birinden bilimli, sowatly ýaşlar 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim ojaklarynyň gujagyna uly höwes, hyjuw bilen doldular. Islendik döwürde-de bilimiň gymmatyna göz ýetiren adamlar öz nesilleriniň sowatly, bilimli, ylymly bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanypdyrlar. «Bilim Çyn-Maçynda bolsa-da, gitmäge, öwrenmäge ýaltanmaň!» diýilmegi hem ýöne ýerden däl. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, ösen maglumatlar jemgyýetiniň şertlerine laýyklykda, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugra maýa goýumlar gönükdirilýär. Şeýlelikde, bilim ojaklary ylmyň iň soňky gazananlary, interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalary bilen doly derejede üpjün edilýär.