Ýyllar bize beýik geljegiň bilimli ýaşlar bilen gurulýandygyny görkezip gelýär. Çünki bilim beýik geljegi gurmagyň kämil serişdesidir. Biri-birinden bilimli, sowatly ýaşlar 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim ojaklarynyň gujagyna uly höwes, hyjuw bilen doldular.
Islendik döwürde-de bilimiň gymmatyna göz ýetiren adamlar öz nesilleriniň sowatly, bilimli, ylymly bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanypdyrlar. «Bilim Çyn-Maçynda bolsa-da, gitmäge, öwrenmäge ýaltanmaň!» diýilmegi hem ýöne ýerden däl. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, ösen maglumatlar jemgyýetiniň şertlerine laýyklykda, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugra maýa goýumlar gönükdirilýär. Şeýlelikde, bilim ojaklary ylmyň iň soňky gazananlary, interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalary bilen doly derejede üpjün edilýär.