Garaşsyzlyk - kö­ňül­le­riň gu­wan­jy

16 Oktýabr 2023
961

Garaşsyzlyk halkyň ruhy ganatydyr. Garaşsyzlyk toýy bolsa köňülleriň hoşudyr. Her ýylda uly dabaralara beslenip geçirilýän Garaşsyzlyk toýuna türkmen ili irgözinden taýýarlyk görýär. Ol taýýarlyk işleri geçen gezekki toýdan badalga alyp, ýylyň dowamynda köňüllerimizi buýsandyryjy üstünliklere atarýar.

Garaşsyzlygymyzyň geçen gezekki toýuny dabaraly ýagdaýda bellänimizden bäri geçen bir ýyla golaý wagta ser salanymyzda, köňüllere ganat bekledýän wakalaryň yzly-yzyna bolandygyna göz ýetirýärsiň. Ilkinji günlerinden şowly hem batly ädimleri bilen begendiren, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýylyň her bir güni ähmiýetli wakalara, belent sepgitlere beslendi. Şu ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Garaşsyzlygyň miwesi bolan Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagy hemmeleriň köňül guşuny al-asmana uçurdy, döwre, eziz Watana, mukaddes Garaşsyzlyga bolan buýsanjy has-da artdyrdy. 20-den gowrak halkara güwänama mynasyp bolan bu şäheriň «ýaşlaryň şäheri» diýlip atlandyrylmagy hem şu ýylyň ruhuna kybap gelýär. Golaýda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä ýurtlarynyň arasynda barha artýan abraý-mertebesine şaýatlyk edýär.

Akmuhammet HEMIDOW,
«Diýar».