Azyk bol­çu­ly­gy - döw­let ber­ka­rar­ly­gy­nyň mi­ze­mez sütüni

16 Oktýabr 2023
1182

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatynda-da oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, boz ýatan tarp ýerleri özleşdirmekde, ekinleriň idegi döwründe hem-de hasyl ýygymynda innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda uly ösüşlere eýe bolundy. Welaýatda geçen 32 ýylyň dowamynda pagtaçylyk, gallaçylyk, tohumçylyk, maldarçylyk pudaklaryny rowaçlandyrmakda, gök-bakja ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde amala aşyrylan işleri seriňde aýlanyňda, bu ugurlarda taryhy ähmiýetli möhüm ädimleriň ädilendigine doly göz ýetirmek bolýar. Aýratyn hem, welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän tohumlarynyň täzeden-täze görnüşlerini döretmekde alymlarymyz tarapyndan bitirilen işler buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şeýle gözlegli işleri welaýatyň gök-bakja önümlerini we datly miweleri ýetişdirýän ekerançy alymlary hem yzygiderli alyp bardylar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň uly aladalary netijesinde, welaýatyň bu pudaklary yzygiderli ösdürildi, tehnikalaryň, oba hojalyk gurallarynyň täzeden-täze tapgyrlary bilen tehniki üpjünçilik binýady barha berkedi. Häzirki döwürde bu ýerde welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän «John Deere», «CLAAS», «MTZ» hem-de «Belarus» kysymly traktorlaryň we kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň sany barha artýar. Telematik usulda uzak aralykdan dolandyrylýan ekijiler we galladyr pagta ýygyjy kombaýnlar önümçilige giňden ornaşdyrylýar.

Dädebaý NARTYÝEW,
Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.