"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy»

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziñ «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we aydym-sazly maslahaty geçirildi. Geçirilen bu dabara Ÿurdumyzyñ döredijilik işgärleri, şol sanda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, köp sanly ýaşlar hem­-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dostlukly halklaryň sungat sergisi

Üstünlikli tamamlanan, taryhy wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzdan soň, täze 2024-nji, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň ilkinji günleri hem uly şanly wakalara beslenýär. Şu gün Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de türkmen zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi we maslahaty geçirildi. Bu bolsa iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat

Şu gün, 27-nji dekabrda Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi öz işine başlady. Ýaşlar hyzmatdaşlygyny halkara derejesinde ösdürmekde, ýaşlaryň dünýägaraýyşlary bilen bagly giň mümkinçilikleri açyp görkezmekde ýardam berjek bu halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi jemgyýetçilik köpçüliginiň ünsüni özüne çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhy ösüşinde ähli ulgamlar ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Munuň özi ýaş türkmenistanlylaryň kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny, hyjuwyny has-da artdyrýar.

Arkadag şäherinde «Ýylyñ parlak ýyldyzy» bäsleşiginiñ jemleýji tapgyry geçirildi

Her ýyl asylly däbe görä Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi özüniň parlak ýyldyzyny saýlady. Bu bäsleşik Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçirildi.  Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýaş estrada aýdymçylar Perhat Öräýew, Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa, şeýle-de Ýegenmyrat Ýegenow dagylar çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Baş arçanyň yşyklary ýalkym saçdy

Täze ýyl arzuwlary täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýär. Täze ýyl baýramy biziň ählimize şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly däpleri bilen gurşap alýar. 15-nji dekabrda hemmeler üçin uzak garaşylan, Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyrýan ýurdumyzyň Baş arçasyny ýakmak dabarasy nurana öwüşginde giňden alnyp baryldy.

Döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Amaly-haşam sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alaja asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasymyzy gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak hem-de çeper elli zenanlarymyzyň zybanyndan dörän ajaýyp hem-de nepis el işleriniň çeper waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen geçirilen «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylaryň arasynda öz makalalarydyr kyssa eserlerini, şygyrlaryny hödürläp, uly gyzyklanma bilen «Diýar» žurnalynyň elektron neşiriniň sahypalarynda okyjylar köpçüligi tarapyndan iň köp okalanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijileri halkymyzyň milli mirasyny öwrenmekde we ähmiýetini dünýä ýaýmakda döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Hemra Täçgylyjow.

Täze ýyl baýramynyň gyzgalaňly pursatlary

Täze ýyl –– maşgala baýramy. Her bir ynsan, maşgalasy bilen supranyň başynda jem bolup, köňlünde ýagşy arzuw-umytlary besläp, täze ýyly garşy alýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda bu ajaýyp baýramy naz-u-nygmatlardan doly saçaklarymyzyň başynda gowy garşylamak üçin ýurdumyzda ähli tagallalar edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwda nokatlary ýola goýuldy. «Il bazarynda belli» diýlişi ýaly, bol harytly, elýeter bahaly bazarlar ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da ýokary derejelere göterýär. 

Energetika pudagynyň öndürijiligi artýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagy bilen, ýurdumyzda giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerine elektrik geçiriji ulgamlar çekilip, elektrik toguny paýlaýjy kömekçi beketler gurulýar hem-de ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär. Bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak we döwrebap edara-kärhanalary gurmak boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn işler dowam etdirilýär. 3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda iş saparynda boldy. Döwlet Baştutanymyz täze energetika desgasynyň — Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulýan ýerine bardy. Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletli işe ak pata berip, täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgy galdyrdy we elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berdi. Täze elektrik stansiýasynda ähli önümçilik işleri sanly ulgam arkaly awtomatlaşdyrylyp, dolandyryş merkezine birikdiriler. Bu desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň elektrik energiýasyna bolan zerurlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ata Watanymyzyň energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna, goňşy döwletlere elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmaga, täze eksport ugurlarynyň açylmagyna hem ýardam berer. Elektrik stansiýasynyň taslamasyny durmuşa geçirmek «Çalik Enerji Sanayi v

Kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­lyk

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama döredilen gününden bäri oňa agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi.

Tür­ki dün­ýä­niň gel­je­gi­ni na­zar­lap

Häzirki zaman dünýäsindäki geosyýasy ýagdaýlar sebitleşmek hadysasynyň ählumumy gün tertibine ýetirýän täsirini barha artdyrýar. Şoňa görä, soňky wagtlarda dürli derejelerde sebitleýin başlangyçlardyr ylalaşyklaryň ornuna uly ähmiýet berilýär. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen X ýubileý sammitiniň hem bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi şübhesizdir. Sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň oňyn täsiriniň barha artýandygyny ýene bir ýola tassyklady. 2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, şeýle hem hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa, şeýle-de 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistan hem Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir.

Umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň go­ra­gyn­da

Dubaýda geçirilen «COP-28» maslahaty: pikirler we netijeler Te­bi­ga­ta söý­gi, tu­tuş bar­ly­ga bo­lan mi­ze­mez hor­mat ýa­şaý­şyň ba­ky­ly­gy­nyň mö­hüm şert­le­ri­dir. Biz te­bi­ga­ta çy­ka­ny­myz­da, ru­hu­myz gö­te­ril­ýär, se­bä­bi biz on­da öz dün­ýä­mi­ze ju­da ýa­kyn­ly­gyň bar­dy­gy­ny, oňa da­hyl­ly­dy­gy­my­zy duý­ýa­rys. Te­bi­gat ha­kyn­da söh­bet açy­lan­da, hök­ma­ny su­rat­da eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri ba­ra­da tu­ruw­baş­dan bel­le­mek ge­rek. Te­bi­gat uly gy­zyk­lan­ma bi­len okal­ma­ly we çyn­la­kaý dü­şü­nil­me­li ki­tap­dyr.

Türk­me­n Bi­ta­rap­ly­gynyň hal­ka­ra-hu­kuk äh­mi­ýe­ti

Her bir ynsanyň durmuşynda bolşy ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Dünýä ýüzünde ilatyň sekiz milliarddan geçen zamanynda «bitarap döwletli bolmak» diýen jümläniň many-mazmuny başgaça ýaňlanýar. Munuň özi tutuş Zeminiň ilatynyň arkaňda durýandygyndan alamatdyr. Eger-de biz bu düşünjäni has sada dil bilen aňlatsak, onda iki tarapyň arasyndaky jedelde olaryň hiç birine gol ýapmazdan, ikisine-de deň araçy bolmak ýaly manynyň gelip çykýandygyna göz ýetireris. Beýleki bir tarapdan, bitaraplyk aýratyn hukuk ýagdaýly döwletiň häsiýetidir. Bitarap döwletiň daşary syýasy ugry ýaragly çaknyşyklara gatyşmazlyk, hiç hili syýasy-harby toparlara girmezlik bilen şertlendirilendir.

Me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa — halk­la­ry je­bis­leş­dir­ýän dostluk köprüsi

Häzirki ösen eýýamymyzda ýurduň syýasy, ykdysady durnuklylygyny saklamak, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan, umumy bähbitleri nazarlaýan dostana gatnaşyklara bagly bolup durýar. Şol gatnaşyklaryň binýadynyň berk bolmagyna bolsa medeni diplomatiýa gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Çünki islendik halkyň dilini bilseň, oňat pikir alşyp, medeniýetini, milli däp-dessuryny bilseň, kalbyna barýan inçe ýoly yzarlap bolýar. Bu babatda Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ençeme ýurtlary, halkara guramalary bilen ýola goýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeň häsiýete eýedir. Medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu günki gün ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy - Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) ýaly iri halkara guramalary bilen maddy we medeni gymmatlyklary gorap saklamak, ösdürmek, geljek nesillere miras goýmak işinde halklaryň, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrýar. Her ýylda edebi ýygnanyşyklar, opera, teatr, saz, tans festiwallary, forumlary, medeniýet we sungat işgärleriniň özara tejribe alyşmaklary hem-de her bir halkyň özüniň medeni däp-dessurlaryny wagyz etmekle

Dür dänelerden düzülen

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň guýmagursak zehininiň miwesi bolan ajaýyp eserleri, ylmy işleri indi ençeme ýyl bäri halkymyzyň we daşary ýurtly okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanyp gelýär. Şu ýylyň oktýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy işiniň XV jildi halkymyza gowuşdy. Türkmen topragynda bitýän müň derdiň dermany bolan melhemlik ösümlikler hem-de olary dogry ulanmagyň düzgünleri barada doly düşünje berýän ylmy eser ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň mukaddes topragyna tebigatyň eçilen baýlyklary hakynda giňişleýin düşünje berýän düýpli ylmy-ensiklopedik iş diňe bir öz halkymyz üçin däl, eýsem dünýä halklary üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Kitabyň dürli dillere terjime edilmeginiň diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem dünýäniň lukmançylyk ylmyny ösdürmekde, şeýle hem ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti uludyr.

Ma­ýa­ go­ýum tas­la­ma­la­ry we ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan bu toplum ata Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Döwlet Baştutanymyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Bu ugurda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabry ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak senä öwrüldi. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ägirt uly taslama Türkmenistan — Hytaý gazgeçirijisi açyldy. Dünýäde gazyň gorlary boýunça ikinji orny eýeleýän «Galkynyş» gaz käni onuň çeşmesine öwrüldi. Hut şol günden başlap, ýurdumyzda her ýylyň 14-nji dekabrynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär.

Söz­ se­re­si sa­ňa, Arkadag şäheri! (Şa­hy­ra­na kys­sa)

Arkadag şäheri — bagtyň şäheri, päkize hem halal ähtiň şäheri. Bu şäher söýgetdir ömre, ykbala, bu şäher göwnüňi salar hoş hala. Ak binalar monjuk kibi düzülen, käte Arşdan kümüş damja üzüler. Uzalyp barýandyr jaýlaň hatary, çünki bu ak şäher — bagtyň açary. Binalary saýyrdyňdyr, aýdyňdyr, Arkadag şäheri mukam, aýdymdyr. Sungat ojaklary göwher gaş deýin, binalary syrdam, mähek daş deýin. Toýa baýdyr bu şäheriň gujagy, misli Aýdyr bu şäheriň gujagy. Her binasy ajaýyp bir taslama, Arkadagyň paýhasyndan taslana, döredi bir ajap, hoşsurat şäher, jemaly güýz kibi, kemaly mähir. Goýny-çägi beslenendir güllere, durky şygyr bagyş eder dillere. Bilim ojaklary ylma örklenen, sungat ojaklary täsin görklenen. Gezim etseň şaýollaryna birsellem, göwün ganat kakyp, gökde pelpellär. Sebitde akylly şäher, Arkadag — kamaty ýakymly şäher. Howasy bar jana melhem bu şäheriň, güwäsi bar göwne ylham bu şäheriň. Akly-gyzyl güller köňle teselli, bakdym men olara, göwnüm eseldi. Gözellik bendiwan eder her kesi, täsin görner ýanýodada nerkesi. Agşamlaryna Aý şuglasyn paýradar, gije nurun çar tarapa ýaýradar. Bakdygyňça, geler şäher hoşuňa, ol ganat bagladar göwün guşuňa. Maýsalary mymyk misli pamyk deý, gunçalary ýaryp çykýan gämik deý. Owadan, Arkadag şäheri owadan, süňňündäki kerem-mähri owadan. Hemmeler bu ýere ederler seýran, hemem görmegine galarlar haýran. Döwrebap nusgaly täze şäher ol, köňüllerde

Logistika — durnukly ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara, giň gerimli özgertmelere, joşgunly dabaralara beslenýär. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Watanymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä halklarynyň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmek babatda, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda gazanýan ösüşleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň däl, eýsem sebit we dünýä möçberli öňegidişlikleriň bolmagyna itergi berdi. Yklymyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz, müňlerçe ýyllar mundan öň bolşy ýaly, häzir hem bu gadymy kerwen ýolunyň möhüm halkasy bolmagynda galýar. Onuň innowasion taýdan täzeden dikeldilmeginde Türkmenistan örän işjeň we ähmiýetli orun tutýar.

Mil­li ma­na­dy­myz 30 ýaşady

1993-nji ýylyň 1-nji noýabry örän möhüm jemgyýetçilik -syýasy wakalaryň biriniň bolan güni hökmünde ýurdumyzyň taryhyna ýazyldy. Şol gün ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň daýanjy bolan öz milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy köp derejede ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işiniň talabalaýyk guralyşyna baglydyr. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamlaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Onuň anyk netijesini ýurdumyzyň maliýe-býujet, nyrh, salgyt, pul-karz syýasatlarynyň amala aşyş depgininden hem görmek bolýar.

Ykdysadyýetiň esasy ugurlary

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde telekeçiligi goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu pudagyň düzümini kämilleşdirmäge, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum serişdelerini netijeli ulanmaga, iş orunlaryny artdyrmaga uly badalga berdi. Bazar gatnaşyklarynyň gün-günden işjeňleşýän hem-de ilatyň telekeçilik işi bilen meşgullanýan böleginiň sanynyň barha artýan döwründe ilatyň maliýe işjeňliginiň we sowatlylygynyň ähmiýeti örän uludyr. Ilatyň maliýe işjeňligi ilata maliýe hyzmatlaryny hödürleýän edaralaryň işini kämilleşdirmäge we maliýe ulgamynyň sagdynlaşmagyna hem oňaýly täsir edýär. Bu ulgamda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň aç-açan we maglumat almak üçin aýdyň bolmagy, ilatyň öz maliýe hukuklaryny bilmegi milli telekeçiligi ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär. Netijede, halkyň maliýe edaralaryna ynamy artýar.

Magtymguludyr

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ilkinji ýazuw ýadygärligi hökmünde ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şeýle-de ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy akyldaryň umumadamzat medeniýetine goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwänamasydyr. Bu Berkarar ata Watan goýnunda,Ussatlara hormatymyz uludyr.Şol ussatlaň biri Azady bolsa,Ýene biri ussat Magtymguludyr.