Magtymguludyr

15 Dekabr 2023
857

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ilkinji ýazuw ýadygärligi hökmünde ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şeýle-de ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy akyldaryň umumadamzat medeniýetine goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwänamasydyr.

Bu Berkarar ata Watan goýnunda,
Ussatlara hormatymyz uludyr.
Şol ussatlaň biri Azady bolsa,
Ýene biri ussat Magtymguludyr.

Jumageldi ANNAÝEW,
«Diýar».