Her ýyl asylly däbe görä Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi özüniň parlak ýyldyzyny saýlady. Bu bäsleşik Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýaş estrada aýdymçylar Perhat Öräýew, Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa, şeýle-de Ýegenmyrat Ýegenow dagylar çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezdiler.