Dür dänelerden düzülen

15 Dekabr 2023
826

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň guýmagursak zehininiň miwesi bolan ajaýyp eserleri, ylmy işleri indi ençeme ýyl bäri halkymyzyň we daşary ýurtly okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanyp gelýär.

Şu ýylyň oktýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli düýpli ylmy işiniň XV jildi halkymyza gowuşdy. Türkmen topragynda bitýän müň derdiň dermany bolan melhemlik ösümlikler hem-de olary dogry ulanmagyň düzgünleri barada doly düşünje berýän ylmy eser ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrüldi. Eziz Diýarymyzyň mukaddes topragyna tebigatyň eçilen baýlyklary hakynda giňişleýin düşünje berýän düýpli ylmy-ensiklopedik iş diňe bir öz halkymyz üçin däl, eýsem dünýä halklary üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Kitabyň dürli dillere terjime edilmeginiň diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem dünýäniň lukmançylyk ylmyny ösdürmekde, şeýle hem ynsan saglygyny goramakda ähmiýeti uludyr.

Güljahan BAÝRYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniň müdiri.