Täze ýyl –– maşgala baýramy. Her bir ynsan, maşgalasy bilen supranyň başynda jem bolup, köňlünde ýagşy arzuw-umytlary besläp, täze ýyly garşy alýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda bu ajaýyp baýramy naz-u-nygmatlardan doly saçaklarymyzyň başynda gowy garşylamak üçin ýurdumyzda ähli tagallalar edilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwda nokatlary ýola goýuldy. «Il bazarynda belli» diýlişi ýaly, bol harytly, elýeter bahaly bazarlar ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da ýokary derejelere göterýär.