Amaly-haşam sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alaja asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen milli mirasymyzyň öçmejek gymmatlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasymyzy gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak hem-de çeper elli zenanlarymyzyň zybanyndan dörän ajaýyp hem-de nepis el işleriniň çeper waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen geçirilen «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylaryň arasynda öz makalalarydyr kyssa eserlerini, şygyrlaryny hödürläp, uly gyzyklanma bilen «Diýar» žurnalynyň elektron neşiriniň sahypalarynda okyjylar köpçüligi tarapyndan iň köp okalanlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijileri halkymyzyň milli mirasyny öwrenmekde we ähmiýetini dünýä ýaýmakda döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Hemra Täçgylyjow.