«Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigine
Bir asyrlyk ömrüň segsen bäş ýyly 2023-nji ýylyň 16-njy oktýabr güni ýurdumyzyň neşirlerinden biri bolan: «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Alaja — el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär» diýen habary okan badyma, 92 ýaşy arka atan goňşymyz, diňe bir öz agtyklarynyň, çowluklarynyň däl-de, eýsem tutuş köçämiziň ýaşaýjylarynyň örän çuňňur hormat goýup, «ene» diýip ýüzlenýän mähriban ýaşuly zenany Ogulmiwe Gurbandurdyýewanyň güler ýüzli nurana keşbi göz öňümde janlandy.