«Alaja –– el işimiň maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigine

7 Noýabr 2023
1282

Alabag.

Türkmende asyrlardan asyra, nesillerden nesle geçen miraslaryň sany çensiz. Olaryň her biri edep hem parasatlyk mekdebi. Olaryň hatarynda türkmenleriň alabagy-da bar. Bary-ýogy iki sany reňkde reňklenen, köplenç, goýun ýüňünden taýynlanan ýüplüklerden nepis edilip örülen alabagy türkmeniň her bir öýünde, her bir maşgalasynda görmek bolýar. Olaryň uzyndan ýognas hem-de berdaşly edilip örülenini ýaňy bolan bäbegiň gundag bagy, ýa-da bolmasa, sallançak bagy edip ulansalar, inçeden nepis edilip örülenini çagalaryň ýa-da ýetişip barýan ýetginjek oglanlaryň hem-de gyzlaryň goşarynda görse bolýar. Ýaňy göçülip gelnen tamda, köplenç, asylyp goýulýan keteniň ýüzünde keşdelenip ýazylan arzuwly tumarlar hem alabagly, hatda goşa tumarlaram alabagly. «Ýaman gözden goraýar» diýlip goýulýan ähli zatlaram alabagly. Dogrusy, «Alabag türkmen durmuşynyň hem-de dünýäsiniň jümmüşine giripdir» diýilse, öte geçilmese gerek.

Ezizgeldi HELLEŇOW,