Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň, Moskwanyň “Dutaryň owazy” atly halkara festiwal guramasynyň gurnamagynda aýdym-saz ussatlarynyň gatnaşmagynda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
“Medeni araçäkde milli kompozitorçylyk mekdepleriň döreýiş aýratynlyklary” ady bilen geçirilen bu ylmy maslahatda sungat ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary üstünlikli çykyş etdiler. Şeýle-de bu halkara maslahata Azerbaýjanyň Döwlet saz medeni muzeýiniň işgärleri, N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburgyň döwlet konserwatoriýasynyň, A.I.Gersin adyndaky Russiýanyň döwlet pedagogiki uniwersitetiniň, German-rus medeni-ylmy akademiýasynyň professor-mugallymlary, Fransiýanyň Amadeus Europe akademiýasynyň agzalary we beýleki alymlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlar professional saz sungatymyzyň halkara sungat äleminde ýokary derejelere ýetendiginiň aýdyň subutnamasy boldy.