Häzirki zaman dünýäsindäki geosyýasy ýagdaýlar sebitleşmek hadysasynyň ählumumy gün tertibine ýetirýän täsirini barha artdyrýar. Şoňa görä, soňky wagtlarda dürli derejelerde sebitleýin başlangyçlardyr ylalaşyklaryň ornuna uly ähmiýet berilýär. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen X ýubileý sammitiniň hem bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi şübhesizdir. Sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň oňyn täsiriniň barha artýandygyny ýene bir ýola tassyklady.
2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, şeýle hem hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady «Türki Döwletleriň Guramasy» diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa, şeýle-de 2021-nji ýyldan bäri Türkmenistan hem Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir.