Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, milli edebi söz sungatynyň rowaçlanmagyna hem-de çeper aňyň kämilleşmegine uly goşant goşan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmatyny ylmy, jemgyýetçilik nukdaýnazardan düýpli öwrenmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Biz dana akyldaryň döredijilik dünýäsine içgin aralaşanymyzda, onuň poeziýasynyň dürli ölçegli, dürli gurluşly şygyr düzülişiň onlarça görnüşleri bilen bezelendigini görýäris. Sözleri nakyla öwrülen şahyryň lirikasy halk durmuşynyň, taryhy geçmişiň hakykatlarynyň çeper beýany bolup hyzmat edýär. Ýazuwly edebiýatyň taryhy ösüşinde Magtymgulynyň edebi mekdebiniň menzilleri şygyr sungatynda täze ideýa, mazmun, sýužet, obraz, stil, žanr, personaž we suratlandyryş kämilliginiň, milli duýgularyň nusgalyk ýörelgelerini getirmegi bilen aýratyn tapawutlanýar. Şahyryň lezzet beriji poetik ussatlygy, jadyly döredijilik güýji ähli halklarda uzak ýyllardan bäri sarpalanyp gelinýär. Magtymguly Pyragynyň özüniň eserleriniň kämilligi, akgynlylygy, çeperçiligi, sazlaşyklylygy üçin Gündogar edebiýatynda ýörgünli bolan şygyr düzülişiň gazal, murapbag, muhammes, müseddes, müsebbe, muaşşar, mütesse, goşuk (dörtleme) görnüşlerine köp ýüzlenip, bu asylly däbi köptaraply we olaryň ilkinji bolup döwrebaplaşmagyna, ösdürilmegine, baýlaşmagyna hem-de gözelleşmegine badalga beren, täzeçe milli öwüşginler çaýan beýik akyldardyr.
Ösüşiň, rowaçlygyň, abadançylygyň, söýginiň we agzybirligiň jarçysy hökmünde ykrar edilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 250 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanylyp, 1983-nji ýylda neşir edilen iki tomluk kitapda şahyryň 498 sany goşgusy ýerleşdirilip, olaryň 26-sy şygyr düzülişiň gazal, 1-si murapbag, 28-si muhammes, 4-si müseddes, 3-si müsebbe, 1-si muaşşar, 2-si mütesse we 433-si bolsa goşuk (dörtleme) görnüşlerinde duş gelýär. Şahyryň şygyrlarynda goşgy düzüliş görnüşleriniň köpdürlüligi akyldaryň şygryýet äleminiň baý we gadymy düzümleriniň, ulgamynyň, tebigy gurluşlarynyň nusgalaryny, birliklerini, şöhlelendirişiň çeper öwüşginlerini, galyplaryny, leksiki gözelliklerini kämil, çuňňur bilendigini aýdyň görkezýär. Şunda dananyň «Äleme belgilidir», «Türkmen binasy» ýaly goşgularyny gazal, «Bendi boldum», «Elbetde bizar» şygyrlaryny ikileme (mesnewi), «Bar meniň», «Bile», «Bilmezmiň», «Aşyk bolmuşam» ýaly şygyrlaryny goşgy düzülişiniň bäşleme (muhammes), «Köňlüm», «Nahana geldiň» ýaly şygyrlaryny altylama (müseddes), «Nazar eýle», «Gelendir», «Jahan peýda» goşgulary ýedileme (musabbag), «Meňzär hökümli» goşgusyny sekizleme (müsemmes), «Nyşan» şygryny dokuzlama (mutassag), «Siziňdir», «Arşy-aglaýa» goşgularyny bolsa kasyda usulyndaky şygyr görnüşlerinde ýazandygyny görmek bolýar. Akyldaryň edebi mirasynyň köp bölegini dörtleme (murapbag), goşuk görnüşleri eýeleýär. Şygyr sungatynda çeper goşgy düzüliş görnüşleriniň seýrek, kyn we täsin nusgalarynyň biri hem eliplemedir. Şygyr senedinde elipleme usulynda goşgy düzülende, arap elipbiýindäki harplaryň yzygiderli gelýän tertibinden ugur alynýar. Bu görnüşde her setiriň başynda ilki bir harp getirilip, ondan soň başlanýan söz hem şol harp bilen dowam etmek bilen şertlendirilýär. Akyldaryň bu tärde ussatlyk sapaklarynyň tejribelerini, görelde mekdebini «Bitmek gerek», «Duşsaň derdi belaga» atly goşgularynda aýdyň görmek bolýar. Goşgy düzülişiň bu görnüşi Gündogar edebiýatynda X asyrdan soňra uly meşhurlyk gazanyp, ýaýraýyş gerimini has-da giňeldýär.