«Di­lim bar — dün­ýäm bar»

15 Dekabr 2023
1209

«Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dilim bar — dünýäm bar» ýaly halk pähimlerinde ündelýän pikirler döwlet tarapyndan indi birnäçe onýyllyklardan bäri maksatnamalaýyn esasda dil öwrenmegi ýola goýmak boýunça amala aşyrylýan işlerde öz beýanyny tapýar.

Köp dil bilmek baýlykdyr, ruhy kämillikdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, bilim ojaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösmegi ýaşlara öwredilýän dilleri tiz özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýörite gollanmalaryň, kitaplaryň, sözlükleriň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu babatda okuw maksatnamalarynyň mazmuny döwrebaplaşdyrylyp, okuw kitaplary, gollanmalar neşir edilýär.

Sähragül ORAZGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.