Alaja — eşigiň gaşy, şerden gorar başy
Uzaklardan ýol alyp, biziň häzirki döwrümize çenli gelip ýeten gymmatlyklarymyz bu günki günde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Gadymyýetiň syrly gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýan el işlerimiz eneden gyza galdyrylan bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlyk hasaplanylýar. Türkmençilikde gyz çaga ýaňy kemala gelip başlan wagtynda oňa el işi öwredilipdir. Ilki bilen hem alaja işmekden başlapdyrlar. Ak bilen gara reňkler birleşdirilip, oňa mäkämje tow berlip, inçeden owadan alajalary işip dakypdyrlar. Göz-dilden gorasyn diýip alajany köp ýerde ulanypdyrlar. Bir işiň başy tutulanda alaja bilen başlanypdyr. Dokma ýüwürdilende haly dokalyp bolunýança erşiň üstünde alaja goýlupdyr. Täze jaýa göçülende, täze ulag edinilende, öýe täze gelin gelende ilki alaja bilen garşylanypdyr. Durmuşa çykjak gyzyň el bukjasydyr bukja bagynyň daşy sünnälenip örülen alaja bilen bezelipdir.