Hiç haçan hakydaňdan öçmeýän müddetlere pursat diýilýär. Käbir wakalar bolsa pursatlaryň tutuş toplumyny özünde jemleýär. Merjen paýtagtymyzda noýabr aýynyň 23-inden 28-ne çenli aralykda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty hakydalarda hemişelik ýaşajak pursatlara juda baý boldy. Bu pursatlar guramaçylygyň we türgenlerimiziň çykyşlarynyň ýokary derejesi bilen berk baglydyr.
Şu çempionat nämäni subut etdi, bilýäňizmi? «Diýar» düşünjesi diňe bir adamlaryň ýaşaýan toplumyna degişli däl eken. Adamlardan başga-da, parahatçylygyňam, dostlugyňam, sportuňam Diýary bolup biljek eken. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, ine, şu belentlikleriň üçüsiniň hem Diýary! Aslynda, biziň ýurdumyz bagt paýlamak üçin gelen bagt guşunyň soň örküni üzüp bilmeýän, baky düşelge edinýän mesgeni. Mundan 10 ýyldan gowrak ozal käbir sebitleýin ýaryşlar bilen türkmen Diýarynda düşlän sport indi bu ýurtdan örküni üzüp bilenok. Häli-şindi gelip düşleýär. Barmak büküp sanalsa, soňky 10 ýylyň içinde ýurdumyzda halkara derejeli sport ýaryşlarynyň 20-si dagy geçiriläýen eken. Olaryň iň täzesi, elbetde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty.