Ke­rem-ke­ra­mat­lyk­lar

15 Dekabr 2023
1177

Garagumuň ak ýaýlalarynda, seleň sähralarynda ömür süren ata-babalarymyzyň geçen ýoly müňýyllyklaryň dowamynda özüniň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen gojaman taryhyň sahypalarynda görnükli yz galdyrypdyr.  Beýik Biribar türkmen topragyna ähli naz-u-nygmaty sahylyk bilen eçilipdir. Bu toprakda önýän guşgursak bugdaýydyr «ak altyny» diýjekmiň ýa-da süýji ir-iýmişleridir gök-bakja önümlerini diýjekmiň, garaz, sanasaň, sanap oturmaly. Bugdaý, un, tamdyr, kendirik, çörek, saçak — bular bir kökene düzülen mukaddeslikler. Şonuň üçin hem pederlerimiziň paýhas ummany bolan halk döredijiliginde-de bu mukaddeslikler bilen baglanyşykly nakyllar, rowaýatlar, yrymlar näçe diýseň bar.

Ýere urdum paltany,
Agzy gyzyl haltany,
Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany.

Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».