Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ajaýyp zähmet üstünlikleri, belent sepgitler bilen jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň goldaw hemaýatlary bilen ýurdumyzy azyk önümleri bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu günki gün bereketli topragyň jomartlygyndan, daýhanlaryň zähmetinden emele gelen bol hasyl ýetişdirilýär. Dünýäde ak bugdaýyň ilkinji mekanynyň türkmen topragy bolmagy-da gadymy halkymyz üçin öran buýsançly hem guwançlydyr. «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, topraga azap siňdirseň, ol ýerden bal akyp, gül biter.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän ekerançylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de welaýatlaryň we etraplaryň toprak, howa şertlerini göz öňünde tutup, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ýerleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak – bularyň ählisi-de oba hojalygyny düýpli ösdürmek barada kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegini, ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan, ýerli mineral dökünlerden netijeli peýdalanmagy, agrotehniki çäreleri ýokary hilli berjaý etmegi üpjün edýär.