"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Döredijilik bäsleşigi geçirildi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmek maksadynda geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli hem-de gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdi. Döredijilik bäsleşigine şäherdäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Olaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan çuňňur söýgini açyp görkezýän surat eserlerini hem-de maketlerini, «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini biri-bi

Deňizden damjalar

■ Gowy ahlaklylyk aňrybaşy akyllylygyň alamatydyr. ■ Ýagşylygy unutmak näşükürlige getirer, şonuň üçin özüňe ýagşylyk edeni unutma!

Bagtyýar çagalygyň watany

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen ajaýyp pikiri öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller barada uly aladalar edýär. Olaryň edep-terbiýe, bilim almaklary üçin ähli şertleri döredilýär. «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen ata-babalarymyz çaga terbiýesine örän uly üns beripdirler. Çagalaryň ylymly-bilimli, hünärli, Watana, il-güne ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynda hem çaga terbiýesi barada aýratyn bellenilip geçilýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky bir rowaýaty mysal getirsek, has ýerlikli bolar. Bir ýolagçy gadymy Wasdan gidip barýarmyşyn. Ýolagçynyň gözi aglap oturan kiçijik oglanjyga düşüpdir. Oglanjygyň elinde ok-ýaýy bar eken. Ýolagçy oglanjykdan näme üçin aglaýandygyny soranda, oglanjyk özüniň nyşanadan dogry urup bilmänligi üçin aglaýandygyny aýdypdyr. Şonda ýolagçy oglanjyga ünsüni jemläp, täzeden nyşana atmagy teklip edipdir. Oglanjyk bu gezek nyşanany dogry urupdyr. Emma oglanjyk ýene aglaýarmyş. Ýolagçy oglanjykdan näme üçin aglaýandygyny soranda, oglanjyk: «Gelen duşman haçan men nyşanadan dogry uraryn diýip garaşyp durmaz ahyryn» diýip jogap beripdir. Ýolagçy bu oglanjygynyň beren jogabyna haýran galypdyr. «Beýle adamlaryň arasyndan göni geçip gidip bolmaz» — diýip, şol obada birnäçe günläp myhman bolupdyr. Onuň şeýle nesl

24-nji mart — Bütindünýä inçekesele garşy göreş güni

GYZYL ÝARYMAÝ MILLI JEMGYÝETINIŇ ASYLLY IŞLERI Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti haýyr-sahawat jemgyýetçilik guramasy bolup, öz işini döwletimiziň ähli etraplaryndaky wekilçilikleriniň üsti bilen amala aşyrýar. Jemgyýetimiziň esasy maksady adatdan daşary ýagdaýlarda, hadysalarda ejir çekýän adamlara ilkinji kömek bermek, adamlaryň saglygyny we durmuşyny goramak, ykdysady we durmuş taýdan ýüze çykýan meseleleriň çözülmegine ýardam bermek hem-de şol barada halkyň arasynda gürrüňdeşlik geçirmek ýaly işlerden ybaratdyr.

Giň dünýäniň geň habarlary

Ýylanlaryň täze wekiliFrankfurtyň Zenkenberg ylmy-barlag uniwersitetiniň we Gündogar Ýangon uniwersitetiniň alymlary Mýanma döwletine ylmy ekspedisiýa guradylar. Bu ekspedisiýanyň esasy maksady, batgalyklarda ýaşaýan Homalopsidae maşgalasyna degişli ýylanlary öwrenmekden ybaratdy. Emma bu ýerde olara täze açyş etmek mümkinçiligi döredi. Olar ýylanlaryň öň görülmedik, nämälim görnüşiniň üstünden bardylar. Tapylan ýylan guýruklarynda geçirilen deslapky morfologik derňewler olaryň ýerli ýylanlar maşgalasyna degişlidigini görkezýär. Emma gowunyň arka tarapynyň ýylmanaklygy, guýrugynyň aşa gysgalygy we beýleki aýratynlyklary onuň täze görnüşdigine şaýatlyk edýär. * * *

Bagt mukamy

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Şeýle hem, täsin binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan paýtagtymyz geljegiň «akylly şäherleriniň» biri bolmagyň ugry bilen köpugurly ösdürilýär. 140 ýaşy arka atan, gadymy hem baky juwan paýtagtymyz bu gün gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Onuň şaýollarynda, köçelerinde, aýlaw ýollarynda peýda bolan desgalary, täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryny, köpugurly binalary, köpsanly bezeg pannolaryny göreniňde, ýurdumyzyň ýüregi baş şäherimiziň ýeňil bolmadyk taryhy seriňde janlanyp, häzirki wagtda amala aşyrylýan beýik işlere guwananyňy, buýsananyňy özüň hem duýman galýarsyň. Mähriban paýtagtymyzyň dürli ýerlerindäki «Aşgabat — 140 ýyl», «Aşgabat 1881 — 2021» diýlen ýazgylarda mähriban halkymyzyň ak arzuwlary, jebisligi, merdanalygy, gujur-gaýratlylygy, maksadaokgunlylygy, ata Watanyna, baş şäherine bolan egsilmez söýgüsi, sarpasy jemlenýär. Goý, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherine öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nurana desgalaryň ýalkymy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde Baş Kanunymyzyň halkara derejesinde kämilleşdirilmegi ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň barha gowulandyrylmagyny, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň we önümçilik desgalarynyň gurulmagyny, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyny üpjün etdi. Ylym we bilim ulgamlarynyň döwrebap ösüşine, ähli pudaklarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna uly ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işlerinden ylham alýan, gurýan we döredýän mähriban halkymyz bitirilýän beýik işleri gazanýan uly üstünlikleri bilen berkidýär. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyna, rowaçlyklaryna buýsanýan halkymyz öz bagtyny hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerinde görýär. Mähriban halkymyz beýik ösüşleriň dabaralanýan ýolunda döredijilikli zähmet çekip, dost-doganlyk hem-de hemişelik Bitaraplygyň röwşen ýoly bilen aýdyň geljege barýar.

Belent binalaryň öwüşgini

Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde häzirki wagtda gözel paýtagtymyz ösüşleriň belent sepgitlerini eýeläp, döwrüň belent ruhuny äleme äşgär edýär. Şu günler ak şäherimizde möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler özüniň çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny toýlar. Uly toýlara beslenýän şanly senelerimiz ata Watanymyzyň durmuşynda bitirilýän beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen dabaralanýar. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde bu gün türkmen paýtagty okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň ajaýyp nusgasyny äleme äşgär edýär. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işlere, özgertmelere buýsanmazlyk asla mümkin däl. Şunda hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen gysga döwrüň içinde kemala getirilen Magtymguly, Arçabil, Çandybil, Garaşsyzlyk şaýollarynyň, «10 ýyl Abadançylyk», N.Andalyp köçeleriniň ugrundaky köpugurly desgalar, Parahat 7, «Täze zaman», Çoganly ýaşaýyş t

Gözelligiň göwher gaşy

Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp binagärliginiň, görkana keşbiniň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ajaýyp sungat derejesine ýetirilmegi bu gün her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrülýän, ak mermere bürenýän Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özboluşlylygy onuň milli aýratynlygynda, sungat derejesine ýetirilen ajaýyp gözelliginde has-da aýdyň duýulýar. Halkymyzyň binagärlik medeniýeti özüniň gözbaşyny taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi bilen Aşgabat häzirki wagtda özüniň bütin taryhynyň dowamynda iň parlak, röwşen, bagtyýar, ösen ykbalyna eýe boldy. Merjen şäherimiz häzirki wagtda binagärligiň özboluşly, kämil nusgasyny äleme äşgär edýär. Ýurdumyzyň soňky ösüş ýyllarynda paýtagtymyzda amala aşyrylan özgertmeleriň, durmuşa ornaşdyrylan beýik işleriň ählisi gözellige, göreldä ýugrulan belent maksatlaryň aýdyň dabaralanmasydyr. Paýtagtymyzda täze gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp binalar, medeni köşkler, baharyň gelmegi bilen salkyn saýaly baglara, älemgoşar reňkli güllere bürenýän seýilgähler, köpsanly suw çüwdürimleri — bularyň ählisi bitewülikde sungat derejesine ýetirilen binagärligiň, gözelligiň özboluşly nusgasyny kemala getirýär. Şunda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan täsin binalar — 12 gatly ýaşa

Giň gerime eýe boldy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna ideg etmek maksady bilen Arkadag Prezidentimiz “Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda” Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, Türkmenistanda 2021--nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda bag nahallaryny ekmek, ýaşyl zolaklary döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Prezidentimiz ekologiýa abadançylygyna aýratyn uly üns berýär. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz, güýz pasyllarynda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasy geçirilýär.

Hoş gelipsiň, Nowruzym!

Aleme ýaraşyk, ýazdyr bu günler, aýdymdyr, mukamdyr, sazdyr bu günler Her bir günümizi toý-baýramlara besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň toýy milli däp-dessurlarymyza laýyklykda toýlanyldy. Bu ajaýyp baýram mynasybetli Diýarymyzyň çar ýanyny aýdym-sazly dabaralar gurşap aldy. Aşgabat — Mary awtomobil ýolunyň ugrundaky açyk sähralykda ýaýbaňlandyrylan «Bahar geldi, ýaz geldi, aýdym geldi, saz geldi» atly baýramçylyk dabarasy hem Milli bahar baýramyna bagyşlanyldy.

Semeni — ýedi aşyň biri

Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladasy bilen gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli Nowruz baýramy durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Nowruz — iň gadymy baýram bolup, ol türkmen halkynyň söýýän, hatyralaýan baýramlarynyň biridir. Bu baýramçylykda merdana türkmen halkymyzyň däp-dessurlary, urp-adatlary, yrym-ynançlary öz ajaýyplygy bilen şöhlelendirilýär. Nowruz baýramçylygy tebigatda janlanyşyň başlanýandygy bilen baglanyşdyrylýar. Täze ýylyň ilkinji güni hökmünde bellenilýän Nowruz ýere ýyly gidip, ekiş döwrüniň gelendigini, dünýäniň lälezarlyga öwrülendigini aňladýar. Nowruz güni gije bilen gündiziň deňleşýän günüdir. Nowruz baýramçylygynda türkmen halkynyň bereketli saçagy giňden ýazylýar. Ol dürli-dürli tagamlar we şirin-şeker nygmatlar bilen bezelýär. Esasan hem gök ösümliklerden taýýarlanan tagamlar uly orna eýedir.

Anyk wezipeler bellenildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini gazanmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda adam hakdaky aladalar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda alnyp barylýan işler şu günüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat hem ýokarda ýatlan meselämize bagyşlanyldy. Maslahata edara-kärhanalaryň, bilim we saglygy goraýyş, malie, salgyt, bank we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar. Onda raýatlaryň ýüztutmalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu möhüm wezipäniň anyk çözgütleri kesgitlenildi. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda welaýat häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Muhammet Berkeliýew, welaýat prokuraturasynyň umumy bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist Gülşat Mergenowa, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew, welaýat polisiýa müdirliginiň sekretariýatynyň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Kakageldi Geldimuhammedow gatnaşdylar we giňişleýin çykyş etdiler.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Oňyn çözgütler kesgitlenildi Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen tutumly işlere badalga berilýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynda degerli işleriň gerimi barha giňeýär. Kämil ulgamyň aragatnaşyk we maglumatlar pudagynda eýeleýän orny aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi häzirki döwürde aragatnaşyk we maglumatlar ulgamynda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine iňňän uly üns berilýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Sagdyn durmuşyň höziri başga Ajap eýýamymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyz sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen uly işlere badalga berdi. Neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy yglan edilen aýgytly göreş ählihalk işine öwrüldi we sanlyja ýyllarda oňyn netijesini berdi. Neşe belasynyň öňüni almakda gazanylan ägirt uly üstünlik jemgyýetimizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Munuň özi milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu örän elhenç howpuň garşysyna göreşmek üçin mümkin bolan ähli çäreleriň görülendigini subut edýär.

Demokratik ýörelgelere eýerip

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm ähmiýetli işleriň ulgamlaýyn esasda amala aşyrylmagy Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslarynyň yzygiderli kämilleşýändigini aýdyň şöhlelendirýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny geçirmek hakynda geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary bu ugurda geçirilýän işleriň hukuk binýady bolup durýar. Agzalan resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi hem-de iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi esasynda, kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işleri ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň 24-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanuna görä, kodeksiň 1-nji maddasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň gizlin ses bermek arkaly welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýändigi barada düzgün girizildi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çäginde sekiz mandatly bir okrugyň döredilýändigi kesgitlendi. Saýlaw kodeksine girizilen täze kadalaryň hatarynda saýlawlara taýýarlyk görmekde, olary

Kämil hukuk binýady — özgertmeleriň badalgasy

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen däbe öwrülen duşuşygy bolup geçdi. Onuň dowamynda milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlary dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, deputatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetine degişli meselelere-de aýratyn üns berildi. Deputatlar bilen nobatdaky duşuşygyň barşynda milli däp-dessurlarymyzy, şöhratly taryhymyzy we mirasymyzy goramak, döredijilik işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de olaryň hukukdyr durmuş goraglylygyny kepillendirmek, bu çygyrdaky hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, «Döredijilik birleşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Nowruz ýaýlasynda toý joşguny

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni welaýatymyzda hem şatlyk-şagalaň bilen garşylandy. Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan bu baýramyň ilkinji gününiň dabaralary şeýle diýmäge esas berýär. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasy, däbe öwrülişi ýaly, üstümizdäki şanly ýylda hem baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Düýn, ajaýyp toýuň ilkinji güni tebigatyň bu gözel künjeginde giň gerim alan baýramçylyk dabarasyna welaýatymyzyň ähli ýerinden bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdy.

Şekillerde baýramçylyk öwüşgini

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli sergi-bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralan sergi-bäsleşige welaýatymyzyň etraplaryndan we Tejen şäherinden gelen kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşyp, bugdaý maýsalaryndan we dänelerinden ýasan dürli şekillerini görkezdiler. «Geldi Nowruz rysgal-berekedi bilen» atly sergi-bäsleşikde oňa gatnaşyjylar tarapyndan taýýarlanan dürli öwüşgindäki we görnüşdäki şekilleriň sergisi guraldy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň ugurtapyjylygyny hem-de täzeçillige ymtylyşlaryny ýüze çykarmak, Milli bahar baýramy bilen utgaşykly bellenilýän Halkara Nowruz gününi has-da dabaralandyrmak maksadyndan ugur alan sergi-bäsleşige gatnaşyjylar bugdaý maýsalaryndan we dänelerinden ýasan şekilleriniň aýratynlyklary barada gyzykly gürrüň berdiler.

Gyzlar, läle kakalyň!

Nowruz türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, oýunlaryny özünde jemleýän baýramdyr. Nowruz baýramynda al-ýaşyl dona bürenen türkmen sähralarynda ak öýler dikilip, hiňňildikler gurulýar, ýigitler at çapdyryp, göreş tutsa, bahar gülleri bilen bäs edýän owadan gelin-gyzlarymyz monjugatdy oýnap, läle kakýarlar. Toy-märekäniň bezegi bolan ýaşulularymyz Nowruz baýramynda ýigitleriň at çapyşyna, göreş tutuşlaryna, «Ýaglyga towusmak» ýaly oyunlaryna tomaşa edýärler. Olaryň özleri hem gadymy türkmen oýunlarynyň biri bolan «Ýüzük bukdy» oýnuny oýnaýarlar. Gyzlar gül-gülälekli sähra-düzlere çykyp, çeşme-çaýlaryň başyna üýşüp: