Kämil hukuk binýady — özgertmeleriň badalgasy

22 Mart 2021
1032

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen däbe öwrülen duşuşygy bolup geçdi. Onuň dowamynda milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlary dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, deputatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetine degişli meselelere-de aýratyn üns berildi.

Deputatlar bilen nobatdaky duşuşygyň barşynda milli däp-dessurlarymyzy, şöhratly taryhymyzy we mirasymyzy goramak, döredijilik işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de olaryň hukukdyr durmuş goraglylygyny kepillendirmek, bu çygyrdaky hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, «Döredijilik birleşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.