Belent binalaryň öwüşgini

22 Mart 2021
720

Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde häzirki wagtda gözel paýtagtymyz ösüşleriň belent sepgitlerini eýeläp, döwrüň belent ruhuny äleme äşgär edýär. Şu günler ak şäherimizde möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Beýik ösüşlere, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan beýik işler özüniň çuň many-mazmuny bilen dabaralanýar. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuny toýlar. Uly toýlara beslenýän şanly senelerimiz ata Watanymyzyň durmuşynda bitirilýän beýik işler, gazanylýan uly üstünlikler bilen dabaralanýar.

Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde bu gün türkmen paýtagty okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň ajaýyp nusgasyny äleme äşgär edýär. Paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işlere, özgertmelere buýsanmazlyk asla mümkin däl. Şunda hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen gysga döwrüň içinde kemala getirilen Magtymguly, Arçabil, Çandybil, Garaşsyzlyk şaýollarynyň, «10 ýyl Abadançylyk», N.Andalyp köçeleriniň ugrundaky köpugurly desgalar, Parahat 7, «Täze zaman», Çoganly ýaşaýyş toplumlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň çäklerinde gurlan onlarça binalar ak şäherimiziň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrdy.

Maýagözel ANNAORAZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.