Giň dünýäniň geň habarlary

22 Mart 2021
1360

Ýylanlaryň täze wekili
Frankfurtyň Zenkenberg ylmy-barlag uniwersitetiniň we Gündogar Ýangon uniwersitetiniň alymlary Mýanma döwletine ylmy ekspedisiýa guradylar. Bu ekspedisiýanyň esasy maksady, batgalyklarda ýaşaýan Homalopsidae maşgalasyna degişli ýylanlary öwrenmekden ybaratdy. Emma bu ýerde olara täze açyş etmek mümkinçiligi döredi. Olar ýylanlaryň öň görülmedik, nämälim görnüşiniň üstünden bardylar. Tapylan ýylan guýruklarynda geçirilen deslapky morfologik derňewler olaryň ýerli ýylanlar maşgalasyna degişlidigini görkezýär. Emma gowunyň arka tarapynyň ýylmanaklygy, guýrugynyň aşa gysgalygy we beýleki aýratynlyklary onuň täze görnüşdigine şaýatlyk edýär.

* * *

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.