Anyk wezipeler bellenildi

22 Mart 2021
1082

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini gazanmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda adam hakdaky aladalar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu babatda alnyp barylýan işler şu günüň talabyna laýyk ýola goýulýar.

Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat hem ýokarda ýatlan meselämize bagyşlanyldy. Maslahata edara-kärhanalaryň, bilim we saglygy goraýyş, malie, salgyt, bank we beýleki ulgamlaryň işgärleri gatnaşdylar. Onda raýatlaryň ýüztutmalary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu möhüm wezipäniň anyk çözgütleri kesgitlenildi. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda welaýat häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Muhammet Berkeliýew, welaýat prokuraturasynyň umumy bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist Gülşat Mergenowa, welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň müdiri Jora Durdalyýew, welaýat polisiýa müdirliginiň sekretariýatynyň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Kakageldi Geldimuhammedow gatnaşdylar we giňişleýin çykyş etdiler.