Şekillerde baýramçylyk öwüşgini

21 Mart 2021
1213

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli sergi-bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralan sergi-bäsleşige welaýatymyzyň etraplaryndan we Tejen şäherinden gelen kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşyp, bugdaý maýsalaryndan we dänelerinden ýasan dürli şekillerini görkezdiler.

«Geldi Nowruz rysgal-berekedi bilen» atly sergi-bäsleşikde oňa gatnaşyjylar tarapyndan taýýarlanan dürli öwüşgindäki we görnüşdäki şekilleriň sergisi guraldy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň ugurtapyjylygyny hem-de täzeçillige ymtylyşlaryny ýüze çykarmak, Milli bahar baýramy bilen utgaşykly bellenilýän Halkara Nowruz gününi has-da dabaralandyrmak maksadyndan ugur alan sergi-bäsleşige gatnaşyjylar bugdaý maýsalaryndan we dänelerinden ýasan şekilleriniň aýratynlyklary barada gyzykly gürrüň berdiler.

Dilraba HOJAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri. SURATLARDA: sergi-bäsleşikden pursatlar.