Bagt mukamy

22 Mart 2021
930

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Şeýle hem, täsin binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan paýtagtymyz geljegiň «akylly şäherleriniň» biri bolmagyň ugry bilen köpugurly ösdürilýär. 140 ýaşy arka atan, gadymy hem baky juwan paýtagtymyz bu gün gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Onuň şaýollarynda, köçelerinde, aýlaw ýollarynda peýda bolan desgalary, täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryny, köpugurly binalary, köpsanly bezeg pannolaryny göreniňde, ýurdumyzyň ýüregi baş şäherimiziň ýeňil bolmadyk taryhy seriňde janlanyp, häzirki wagtda amala aşyrylýan beýik işlere guwananyňy, buýsananyňy özüň hem duýman galýarsyň. Mähriban paýtagtymyzyň dürli ýerlerindäki «Aşgabat — 140 ýyl», «Aşgabat 1881 — 2021» diýlen ýazgylarda mähriban halkymyzyň ak arzuwlary, jebisligi, merdanalygy, gujur-gaýratlylygy, maksadaokgunlylygy, ata Watanyna, baş şäherine bolan egsilmez söýgüsi, sarpasy jemlenýär.

Goý, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherine öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şirinjemal ÝOLLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.