Nowruz ýaýlasynda toý joşguny

21 Mart 2021
933

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni welaýatymyzda hem şatlyk-şagalaň bilen garşylandy. Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan bu baýramyň ilkinji gününiň dabaralary şeýle diýmäge esas berýär.

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasy, däbe öwrülişi ýaly, üstümizdäki şanly ýylda hem baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Düýn, ajaýyp toýuň ilkinji güni tebigatyň bu gözel künjeginde giň gerim alan baýramçylyk dabarasyna welaýatymyzyň ähli ýerinden bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdy.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: dabaradan pursatlar. Surata düşüren awtor.