Nurana desgalaryň ýalkymy

22 Mart 2021
1068

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde Baş Kanunymyzyň halkara derejesinde kämilleşdirilmegi ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň barha gowulandyrylmagyny, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň we önümçilik desgalarynyň gurulmagyny, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyny üpjün etdi. Ylym we bilim ulgamlarynyň döwrebap ösüşine, ähli pudaklarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna uly ýardam etdi.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işlerinden ylham alýan, gurýan we döredýän mähriban halkymyz bitirilýän beýik işleri gazanýan uly üstünlikleri bilen berkidýär. Ata Watanymyzyň şan-şöhratyna, rowaçlyklaryna buýsanýan halkymyz öz bagtyny hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerinde görýär. Mähriban halkymyz beýik ösüşleriň dabaralanýan ýolunda döredijilikli zähmet çekip, dost-doganlyk hem-de hemişelik Bitaraplygyň röwşen ýoly bilen aýdyň geljege barýar.

Sapargeldi DAŇATAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kafedra müdiri, Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy, tehniki ylymlaryň kandidaty.