Bagtyýar çagalygyň watany

22 Mart 2021
788

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen ajaýyp pikiri öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller barada uly aladalar edýär. Olaryň edep-terbiýe, bilim almaklary üçin ähli şertleri döredilýär. «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen ata-babalarymyz çaga terbiýesine örän uly üns beripdirler. Çagalaryň ylymly-bilimli, hünärli, Watana, il-güne ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanypdyrlar.

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynda hem çaga terbiýesi barada aýratyn bellenilip geçilýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky bir rowaýaty mysal getirsek, has ýerlikli bolar. Bir ýolagçy gadymy Wasdan gidip barýarmyşyn. Ýolagçynyň gözi aglap oturan kiçijik oglanjyga düşüpdir. Oglanjygyň elinde ok-ýaýy bar eken. Ýolagçy oglanjykdan näme üçin aglaýandygyny soranda, oglanjyk özüniň nyşanadan dogry urup bilmänligi üçin aglaýandygyny aýdypdyr. Şonda ýolagçy oglanjyga ünsüni jemläp, täzeden nyşana atmagy teklip edipdir. Oglanjyk bu gezek nyşanany dogry urupdyr. Emma oglanjyk ýene aglaýarmyş. Ýolagçy oglanjykdan näme üçin aglaýandygyny soranda, oglanjyk: «Gelen duşman haçan men nyşanadan dogry uraryn diýip garaşyp durmaz ahyryn» diýip jogap beripdir. Ýolagçy bu oglanjygynyň beren jogabyna haýran galypdyr. «Beýle adamlaryň arasyndan göni geçip gidip bolmaz» — diýip, şol obada birnäçe günläp myhman bolupdyr. Onuň şeýle nesli bolan halkyň hemişe işiniň ugruna boljakdygyna gözi ýetipdir. Ine, şeýle rowaýatlar, hekaýatlar şanly taryhymyzda örän köp.

Gunça ATAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 9-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi, TDP-niň işjeň agzasy.