Döredijilik bäsleşigi geçirildi

22 Mart 2021
931

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmek, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmek maksadynda geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli hem-de gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdi.

Döredijilik bäsleşigine şäherdäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Olaryň Watan ezizligini, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan çuňňur söýgini açyp görkezýän surat eserlerini hem-de maketlerini, «Dünýä dursun parahat!» diýen temada ýazan düzmelerini biri-birinden tapawutlandyrmak eminler toparyna aňsat düşmedi. Şeýle-de bolsa, eminler toparynyň gelen netijelerine görä, düzme ýazmak boýunça birinji orna 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Mähriban Işjanowa, ikinji orna 21-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nargiza Ismailowa, üçünji orna 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Altyn Amandurdyýewa, surat çekmek boýunça birinji orna 2-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Merjen Hanowa, ikinji orna 9-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Suraý Öwezowa, üçünji orna 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nasiba Ýusupowa, maket ýasamak boýunça birinji orna 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Polat Gurbangeldiýew, ikinji orna 15-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Ýakytjan Matýakubowa, üçünji orna 24-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Nurmyrat Durdyýew dagy mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandylar.

Yhlas ÇARYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.