Gözelligiň göwher gaşy

22 Mart 2021
824

Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp binagärliginiň, görkana keşbiniň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ajaýyp sungat derejesine ýetirilmegi bu gün her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwrülýän, ak mermere bürenýän Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özboluşlylygy onuň milli aýratynlygynda, sungat derejesine ýetirilen ajaýyp gözelliginde has-da aýdyň duýulýar. Halkymyzyň binagärlik medeniýeti özüniň gözbaşyny taryhyň has irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi bilen Aşgabat häzirki wagtda özüniň bütin taryhynyň dowamynda iň parlak, röwşen, bagtyýar, ösen ykbalyna eýe boldy. Merjen şäherimiz häzirki wagtda binagärligiň özboluşly, kämil nusgasyny äleme äşgär edýär. Ýurdumyzyň soňky ösüş ýyllarynda paýtagtymyzda amala aşyrylan özgertmeleriň, durmuşa ornaşdyrylan beýik işleriň ählisi gözellige, göreldä ýugrulan belent maksatlaryň aýdyň dabaralanmasydyr.

Paýtagtymyzda täze gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlary, ajaýyp binalar, medeni köşkler, baharyň gelmegi bilen salkyn saýaly baglara, älemgoşar reňkli güllere bürenýän seýilgähler, köpsanly suw çüwdürimleri — bularyň ählisi bitewülikde sungat derejesine ýetirilen binagärligiň, gözelligiň özboluşly nusgasyny kemala getirýär. Şunda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan täsin binalar — 12 gatly ýaşaýyş jaýlary, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi, giň hem tekiz ýol, tebigatyň täsin görnüşi aýratyn özüneçekijidir. Bularyň ählisiniň hem dünýäniň iň täze tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi, bu ýerde «akylly jaý» taslamasynyň üstünlikli ornaşdyrylmagy aýratyn guwandyryjydyr. Umuman, paýtagtymyzyň binagärlik, öňdebaryjy tehnologiýalar taýdan öňegidişligi, täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarydyr dürli maksatly desgalar bilen çäginiň barha giňemegi diňe bir türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny şöhlelendirmän, onuň medeni, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport goruny, bu ugurlardaky beýik ösüşlerini, çuň many-mazmun bilen baýlaşýandygyny dünýä äşgär edýär.

Akjagül SAPAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alym kätibi.