Adam. Jemgyýet. Kanun.

22 Mart 2021
904

Sagdyn durmuşyň höziri başga

Ajap eýýamymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyz sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen uly işlere badalga berdi. Neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy yglan edilen aýgytly göreş ählihalk işine öwrüldi we sanlyja ýyllarda oňyn netijesini berdi. Neşe belasynyň öňüni almakda gazanylan ägirt uly üstünlik jemgyýetimizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Munuň özi milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu örän elhenç howpuň garşysyna göreşmek üçin mümkin bolan ähli çäreleriň görülendigini subut edýär.