Demokratik ýörelgelere eýerip

22 Mart 2021
874

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm ähmiýetli işleriň ulgamlaýyn esasda amala aşyrylmagy Türkmenistanda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslarynyň yzygiderli kämilleşýändigini aýdyň şöhlelendirýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny geçirmek hakynda geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary bu ugurda geçirilýän işleriň hukuk binýady bolup durýar. Agzalan resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi hem-de iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi esasynda, kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işleri ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň 24-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanuna görä, kodeksiň 1-nji maddasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň gizlin ses bermek arkaly welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýändigi barada düzgün girizildi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda her welaýatyň, Aşgabat şäheriniň çäginde sekiz mandatly bir okrugyň döredilýändigi kesgitlendi. Saýlaw kodeksine girizilen täze kadalaryň hatarynda saýlawlara taýýarlyk görmekde, olary guramakda we geçirmekde innowasion sanly tehnologiýalaryň ulanylyp bilinýändigi (5-nji madda) baradaky düzgünler aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.