"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Aşgabadyň ylym-bilim ojaklarynyň taryhyndan

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlar boýunça giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, özüniň okgunly ösüş ýoluny dowam edýär. Şu babatda ylym, bilim ulgamynyň örän wajyp orny eýeleýändigini aýratyn bellemelidir. Şonuň netijesinde hormatly Prezidentimiziň — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul edýän çözgütleri ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak, eziz Watanymyzyň innowasion ösüşini üpjün etmek bilen ylmyň we bilimiň kuwwatyny hem-de ornuny pugtalandyrýar. Şonuň ýaly-da, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde hil taýdan möhüm ähmiýetli özgertmeler amala aşyrylýar, ýaş neslimizi watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça köpsanly pedagogik-terbiýeçilik işler geçirilýär. Eziz Diýarymyzda innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ylym-bilim ulgamyna degişli täze binalaryň gurulmagy indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk düzümini ösdürmegiň we ylymly-bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň ýokary derejesini üpjün edýär.

Asylly maksatly iş

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, bäş müň ýyllyk taryhy bolan gadymy türkmen halky ähli döwürlerde-de hoşniýetli goňşy, parahatçylyk söýüji we ynsanperwer halk hökmünde tanalypdyr. Olaryň ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan meýletinçilik işi hem haýyr-sahawatly işleriň biri hasaplanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň her bir gatlagyna özüniň kömek-goldawyny ýetirmek isleýän, jemgyýetçilik işlerine hemişe işjeň gatnaşýan öz islegli, hemaýatkär, perwaýly meýletinçi ýaşlarymyz häzirki wagtda özleriniň ynsanperwer ýörelgelere eýerýändikleri bilen ýüreklerde buýsanjy artdyrýar. Ýaşlaryň uýýan bu ýörelgesi öz gözbaşyny hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyndan alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz her bir işde ýaşlara uly görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz tarapyndan goňşy Owganystan döwletine ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugradylýar. Bu goňşy ýurtda Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan kaşaň metjidiň hem gurlup, ulanylmaga berlendigini bellemek gerek. 2018-nji ýylyň 18-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda ýaşaýan türkmen doganlarymyz üçin açylyp, ulanylmaga berlen orta mekdepde şol ýerde ýaşaýan türkmen ýaşlary dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän şertlerde döwrebap bilim alýa

Şu gün – Oraza baýramy

YNSANPERWERLIGIŇ HEM-DE HOŞNIÝETLILIGIŇ BELENT ÝÖRELGESI Ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň belent sütüni bolan mukaddes Oraza baýramynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly seneleriň — gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýlarynyň dabaralary bilen utgaşmagy halkymyzda aýratyn guwanç hem buýsanç duýgularyny döredýär. Mukaddes Remezan aýynyň dowamynda halkymyz agyz beklemek dessuryny ýerine ýetirip, tarawa namazlaryny okap, agzaçar sadakalaryny berip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sazlaşykly hem yzygider ösdürýän, halkymyzyň abadançylyk derejesini üpjün etjek beýik işleri durmuşa geçirýän, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň sahawatly hem sogaply işleriniň elmydama rowaç bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Dillerde dessan Aşgabat

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her bir günümiz şanly senelere, toý-baýramlara, ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen nurana geljege sary alyp barýan ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem gözel Diýarymyzyň owazasyny dünýä ýaýan taryhy wakalara, dabaralara baý ýyllaryň biridir. Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesini uly dabara bilen bellemek hakynda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bagtyýar raýatlarymyzyň uly goldawyna we hoşallygyna eýe boldy. Bu şatlykly waka mynasybetli göwünleri ganatlanan bagtyýar raýatlarymyz öz hoşallyklaryny, köňül buýsançlaryny şygyr setirlerinde, makalalarda, çeper eserlerde beýan edýärler. Bu bolsa Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen gözel Diýarymyzda amala aşyrylýan tutumly işleriň, giň gerimli özgertmeleriň hiç kimi biparh goýmaýandygynyň alamatydyr. Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem öz ýürek buýsançlaryny goşgy setirlerinde beýan edip, okyjylarymyz bilen yzygiderli paýlaşyp gelýärler. Gazetiň şu sanynda olaryň ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlap döreden goşgularyny okyjylara ýetirýäris.

Ruhy päkligiň baýramy

Dünýä döräli bäri adamzat nesil aladasy bilen ýaşap gelýär. Ol dürli mazmundaky baýramlary, däp-dessurlary, ynam-ynançlary döredýär. Wagt şolary öz eleginde eläp, hiç hili jemgyýetçilik ähmiýeti bolmadyk zatlaryň öňüni bekleýär, ähmiýetlilerini bolsa asyrlardan aşyrýar. Şeýdibem, halklaryň kämil milli mirasy döreýär. Şol miras tebigatyň kanunyna görä çalşyp duran nesiller bilen deň ýaşaýar, olary terbiýeleýär, arassa, ar-namysly, ruhubelent, buýsançly ýaşamaga itergi berýär. Adamyň akyl käsesi dolanda, ol dünýä bütinleý başgaça seredip ugraýar. Ynsan durmuşyň ýaldyr-ýulduryndan daşlaşýar, duýmaly zatlary ozal duýmandygyna, görmeli zatlary ozal görmändigine ökünýär, adamkärçilige mahsus haýyr işleri etmäge gyssanýar. Ol şeýde-şeýde, özi duýmazdan, barçany ýaradan tebigata golaýlaşýar. Tebigata golaýlaşmak bolsa, özüňi ruhy taýdan has-da kämilleşdirmek diýmek.

Aşgabat

Alnyma syldygym her bir säherin,Ak mermerden bina bolan şäherim,Ýatladýandyr pasyllaryň baharyn,Ajaýyp döwürde ösýär Aşgabat,Ilim — Arkadagly, Diýarym — abat. Watanymda parahatlyk daňy atan,Göge ýetýän binalaryň owadan,Gözellikleň waspy äleme ýeten,Ajaýyp döwürde ösýär Aşgabat,Ilim — Arkadagly, Diýarym — abat.

Ätiýaçlandyryş hyzmatlary kämilleşdirilýär

Ata Watanymyz beýik ösüşleriň röwşen ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz gysga döwrüň içinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşuldy.    Adam durmuşda her hili howplara duçar bolup bilýär. Şikes alynmagy, emlägiň ýitirilmegi, ýol-ulag hadysalaryna duçar bolunmagy ýa-da seresapsyzlyk netijesinde üçünji tarapyň emlägine, saglygyna zeper ýetirilmegi mümkin. Ykdysady ýagdaýda bu töwekgelçiliklerden goranmagyň iň ygtybarly usuly ätiýaçlandyryş hyzmatyndan peýdalanmakdyr.

Mawy deňiz — ylham çeşmesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde medeniýetimiz, sungatymyz gülläp ösýär. Ýaş nesliň sungatyň dürli ugurlaryndan bilim almak lary, okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Halypa-şägirtlik ýoly üstünlikli dowam etdirilýär. Ussat halypalar şägirtleriniň ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýärler.

Bagtyýarlyga beslenen badalgalar

11-nji maýda hormatly Prezidentimiz ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gözel paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli maý aýynyň 10 — 25-i aralygynda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda döwlet Baştutanymyzyň ekologiýany we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak hem-de bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda tebigaty goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, täze desgalar, binalar gurlanda olaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyrylýar we agaç nahallary oturdylýar. Täze binalaryň ulanylyş mümkinçiliklerine, ekologiýa we bezeg aýratynlyklaryna uly üns berilýär. Mahlasy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarly

Ýol hereketiniň sazlaşygy

Ekologiýa abadançylygy baradaky alada döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Giň gerimli ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, aýratyn-da, dag eteklerinde howa ýagdaýy ep-esli gowulandy. Hormatly Prezidentimiz her ýyl ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine badalga berýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde eýýäm «ýaşyl» zolak emele gelip, Aşgabady awtoulaglaryň bölüp çykarýan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar. Howanyň düzümini gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär. Esasan-da milli Liderimiz welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däpleri ýola goýdy. Şol çärelere ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde türkmenistanlylaryň müňlerçesi işjeň gatnaşýar. Bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan öňdengörüjilikli hem-de ylmy esaslanmalara daýanýan parasatly döwlet syýasaty netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryna degişli ulag serişdeleriniň bolmagy bolsa olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanýandygynyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň raha

Baýramçylyga bagyşlanan hepdelik

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli TGM-niň maýor Muhammet Baýryýewiň müdirlik edýän Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde «Hiç zat ýatdan çykanok, hiç kim unudylanok» atly hepdelik geçirildi. Hepdeligiň dowamynda welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri uruş döwrüne degişli gymmatlyklaryň sergisini hem guradylar. Sergidäki muzeý gymmatlyklary, aýratyn hem harby eginbaşlar harby okuwçylaryň watançylyk duýgularyny ösdürmäge uly goşant goşdy.

Goşa baýramyň şanyna

Diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şanly senelere — Aşgabat şäheriniň gününe hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna sanlyja günler galdy. Şu mynasybetli ak mermerli şäherimizde giň gerimli abadanlaşdyrylyş we arassaçylyk işleri bilen birlikde, möhüm ähmiýetli baýramçylyk dabaralary hem ýaýbaňlandyryldy. Şu günler amala aşyrylýan işler täze taryhy eýýamda ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Şähergurluşygynda, binagärlikde we täze binalaryň bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy hem-de gurulýan binalara milli binagärlik sungatynyň dürdäneleriniň siňdirilmegi esasynda paýtagtymyz has-da gözelleşip, gaýtalanmajak ajaýyp keşbe eýe bolýar.

Älemgoşar öwüşginli paýtagtym

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda çapdan çykan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby şanly seneleriň öňüsyrasynda halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze eserde paýtagtymyzyň ösüşiniň beýleki ulgamlary bilen birlikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň ygtybarly energiýa üpjünçiligi barada hem giňişleýin gürrüň berilýär. Kitapda ak mermerli Aşgabadyň şaýollarynyň, seýilgähleriniň we beýleki ýerleriniň yşyklandyrylyşy, baş şäherimiziň gijelerine dürli reňklerde öwüşgin atyşy barada ussatlyk bilen beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň syýasy, intellektual, ylmy we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm innowasion senagat toplumyny özünde jemleýän häzirki zaman şäherine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklary bu toplumyň ösüşine baglydyr. Şoňa görä-de, paýtagtymyzyň senagat-ykdysady kuwwatyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän inžener-tehniki düzümini döretmek we Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek meseleleri hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar.

Binagärligiň dürdänesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ak şäherimizi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ak şäherimizde döredilýän binagärlik dürdäneleri merjen paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ol binalarda ata Watanymyzda berkarar bolan täze eýýamyň belent ruhy, häzirki döwrüň ýaraşyklylygy we ajaýyplygy öz beýanyny tapýar. Şanly baýramlara barýan günlerimizde hem şeýle binalardyr desgalaryň onlarçasyny açyp, halkyň hyzmatyna bermek meýilleşdirilýär.

Toý gününde joşýar göwün

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatyndan ylham alyp, görkana keşbe eýe bolýan, özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan Aşgabat häzirki wagtda diňe bir paýtagtlylaryň däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimiziň hem buýsanjyna öwrüldi. Şu baýramçylyk günlerinde mähriban Arkadagymyzyň halkymyza «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny peşgeş bermegi ildeşlerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Biz hem gazetimiziň şu sanynda redaksiýamyza yzygiderli gelýän hatlar esasynda taýýarlanan welaýatlarymyzda ýaşaýan bagtyýar raýatlarymyzyň joşgunly ýüreklerinden çykýan buýsanç duýgularyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Altynjemal Seýitmämmedowa,Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy:

Mukaddesliklere sarpa

Mähriban halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly şatlyk, buýsanç we guwanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy dünýä tejribesini öz içine alyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň möhüm esaslaryny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip bellenilýär. Özünde mähriban halkymyzyň ähli mukaddesliklerini jemleýän Döwlet baýdagymyz her bir türkmenistanlynyň beýik buýsanjyna öwrüldi. Köpetdagy etekläp oturan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň günortasynda, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen, boýy 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda uly dabara bilen dikildi. Döwlet baýdagymyzyň ýerligi ýaşyl reňk bolup, ýaşaýşy, gözel tebigaty şöhlelendirýär. Ýaşyl reňk — geljege bolan uly umydyň, ynamyň nyşanydyr. Döwlet baýdagymyzyň gyzyl-gyrmyzy böleginde bäş sany ajaýyp haly göli ýerleşdirilendir. Bu göller türkmen milletiniň uly taryhy geçmişiniň gadymyýetden gaýdyp, şu günki günde bitewüliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň kepilidir. Gyzyl-gyrmyzy bölekde ýerleşen ajaýyp gölleriň aşagynda iki sany zeýtun baldajygynyň şekili bardyr. Bu baldajyklar parahatçylygyň, asudalygyň we döwlet Bitaraplygymyzyň dabaralanmasyny şöhlelendirýär. Berkarar döwletimizi

Görenler görküňe haýran

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutuljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň hem 140 ýyllygy bellenilýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi, beýik binalary öz içine alýan ýaşaýyş toplumlary halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerine ygrarlydygyny, nurana geljegine okgunly hereketini alamatlandyrýar.

Işleriň ýokary netijeliligi ugrunda

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap, şäher häkimleri, olaryň orunbasarlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Maslahatda, esasan, hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi güýçlendirmek, obalary we şäherleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada beren tabşyryklaryny günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahaty welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew açyp, onuň gün tertibine girizilen meseleler barada birin-birin durup geçdi. Häkim häzirki döwürde ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gidişi, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijeleri we golaýlaşyp gelýän şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada giňişleýin gürrüň etmek bilen, iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň gowaça we beýleki azyklyk ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň, ekerançylyk meýdanlaryny ösüş suwunyň zerur möçberleri bilen üpjün etmegiň möhümdigini belländigini we bu işleri sazlaşykly ýola goýmak barada birnäçe tabşyryklary berendigini habar berdi. Häkim oba hojalygynyň ýene-de bir jogapkärli möwsümi bolan galla oragyna çenli oba hojalyk tehnikalarynyň, dänäni saklamak üçin elewatorlaryň we ammarla

Täzelikler

Welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň ýaz gyrkymy üstünlikli tamamlandy. Bu möhüm çäräniň jemi boýunça çig malyň 385 tonna golaýy taýýar edildi. Munuň özi ýaz ýüňüniň 153 tonna golaýynyň meýilnama goşmaça taýýarlanylandygyndan habar berýär. Gyrkyma ýeterlik adam güýjüniň we tehnikanyň çekilmegi hem-de gyrkymçylaryň işiniň sazlaşykly guralmagy ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň 234 müňe golaýy bolup, olar göreldeli bakylýar. Bu bolsa mallaryň sanyny abat saklap, olardan bol önüm almaga amatly şertleri döredýär. * * *«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binalary üçin niýetlenilen umumy meýdany 973 inedördül metr bolan dürli ölçegdäki halylaryň uly toplumy dokalýar.

Aşgabat — ajap aýdym

Biz ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň çawynyň dünýä dolup, bu şanly baýramçylygyň dabaralarynyň barha belende galýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir ajaýyp sowgadyny — «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabyny ýüzümize sylyp garşyladyk. Merjen paýtagtymyz Aşgabat baradaky täze eseriň elimize gowuşmagy biziň her birimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp sowgatdyr. Milli Liderimiziň halkymyzyň şöhratly taryhynyň bagtyýarlyk döwrüniň senenamasyny — milli gymmatlyklarymyzyň şanly baýramlaryny özüniň Şadiwanlary bilen dabaralandyrmasy indi ajaýyp däbe öwrüldi diýsek hem ýalňyş bolmasa gerek. Munuň şeýledigine eziz Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyz, Bitaraplygymyz, ajaýyp ahalteke bedewlerimiz, türkmen alabaýy we medeni gymmatlyklarymyz baradaky ajaýyp eserleri anyk subutnamadyr. Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze eseri hem paýtagtymyzyň Watanymyzyň ýüregi hökmündäki gymmatlygyny, onuň baý we şöhratly taryhyny, gaýtalanmaýan we gözellik nusgasy bolan şähergurluşyk maksatnamasyny açyp görkezýär. Ol alty bölümden ybarat bolup, ak mermere beslenen bu aşyklar şäheriniň dünýäni aňk eden özboluşly gözelligi we ajaýyp ymaratlarydyr binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna on bir gezek girizilendigi bilen her bir türkmenistanlynyň begenç-buýsanjyny goşalandyrýar. Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atl