Mukaddesliklere sarpa

12 Maý 2021
814

Mähriban halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly şatlyk, buýsanç we guwanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy dünýä tejribesini öz içine alyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň möhüm esaslaryny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip bellenilýär. Özünde mähriban halkymyzyň ähli mukaddesliklerini jemleýän Döwlet baýdagymyz her bir türkmenistanlynyň beýik buýsanjyna öwrüldi. Köpetdagy etekläp oturan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň günortasynda, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen, boýy 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda uly dabara bilen dikildi. Döwlet baýdagymyzyň ýerligi ýaşyl reňk bolup, ýaşaýşy, gözel tebigaty şöhlelendirýär. Ýaşyl reňk — geljege bolan uly umydyň, ynamyň nyşanydyr. Döwlet baýdagymyzyň gyzyl-gyrmyzy böleginde bäş sany ajaýyp haly göli ýerleşdirilendir. Bu göller türkmen milletiniň uly taryhy geçmişiniň gadymyýetden gaýdyp, şu günki günde bitewüliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň kepilidir. Gyzyl-gyrmyzy bölekde ýerleşen ajaýyp gölleriň aşagynda iki sany zeýtun baldajygynyň şekili bardyr. Bu baldajyklar parahatçylygyň, asudalygyň we döwlet Bitaraplygymyzyň dabaralanmasyny şöhlelendirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýä döwletleriniň arasynda umumadamzat bähbitli amala aşyrýan beýik işleri bilen has meşhurdyr. Bu gün türkmeniň ýaşyl Tugy Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem dürli halkara guramalarynyň edara jaýlarynyň, Türkmenistanyň dünýäniň ençeme ýurtlaryndaky ilçihanalarynyň öňünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we synmaz döwletliliginiň nyşany bolup, buýsanç bilen belentde pasyrdaýar.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.